Uzynlyk ölçegleri

Türkmen gelin-gyzlary gadym döwürlerden bäri keteni, göwderi, serindi, gyrmyzy donluk, düýpli gyňaç we beýleki matalary elde dokamak bilen meşgullanyp gelipdirler. Bu senedi ussatlarça ele alyp, ony sungat derejesine ýetiripdirler. Olar şol matalary ýüwürdenlerinde, dokanlarynda ir döwürlerde halk arasynda ulanylýan birnäçe ölçeg birliklerinden peýdalanypdyrlar.
Garyş — başam barmak bilen külembikäniň doly gerlen aralygy. Ol hemme adamda deň bolmaýar, takmynan, 22 — 25 santimetre barabar. Garyş, öz gezeginde, serä, agsak serä hem-de süýeme bölünýär.
Sere — süýem barmak bilen külembikäniň aňrybaş gerlen aralygy, takmynan, 15 — 18 santimetre deň. Agsak sere — ortaky barmakdan külembikä çenli gerlen aralyk, takmynan, 10 — 12 santimetr. Süýem — ortaky barmak bilen süýem barmagyň gerlen aralygy, takmynan, 8 — 10 santimetre deň.
Gulaç — sag we çep gollaryň aňrybaş gerlen aralygy. Ol, takmynan, 177-178 santimetre deň ýa-da 8 garyş hasaplanýar.
Gary — ýarym gulaja barabar, 1 metre golaý. Uzalan goluň külembike barmagynyň ujundan burna ýetýänçä bolan araly
Gez — tirsekden ortaky barmagyň ujuna çenli bolan aralyk, ol, takmynan, 40 — 50 santimetre deň. Bu ölçeg birlikleri, köplenç, elde dokalan matalar ölçelende, öýler tutulanda gerek bolupdyr. Garyş, sere, agsak sere, gulaç ýaly ölçeg birlikleri oba ilatynyň arasynda häzir hem peýdalanylýar.

Автор записи: admin