Üzärlik –müň bir derdiň dermany

Halkymyz üzärligi örän mukaddes saýyp, onuň oty ýaman gözlerden goraýar diýip düşünipdirler. Şeýle hem üzärligiň otundan dürli mör-möjekleriň, hatda ýylanyň hem gaçýandygy subut edilendir. Üzärlik tütedilende bolsa, mikroblaryň gyrylýandygy anyklanyldy. Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde wagtal-wagtal tütedip, tüssesini töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar.
Üzärligi iki maksat bilen, ýagny dermanlyk häsiýeti üçin we boýag hökmünde hem ulanypdyrlar. Üzärligiň köküni gaýnadyp, onuň suwuny içmek bilen, gyzzyrma keselinden saplanypdyrlar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, guradylmadyk üzärlik bilen aýagyň guragyrysyndan ýa-da bogun agyrylardan saplanyp bolýar. Guradylan üzärlikden çaý demläp, sowuklamany, garaguş, böwrek kesellerini, agzy çaýkap, diş agyryny bejeripdirler. Ol suwsuzlyga örän çydamly ösümlikdir. Şonuň üçin ol diňe gurak ýerlerde bitýär. Türkmenistanda onuň diňe bir görnüşine gabat gelinýär.
Üzärlik aprel, maý aýlarynda gülleýär, iýun-awgust aýlarynda bolsa tohumlaýar. Onuň kökleri topragyň has çuňlugyndaky suwlardan içip bilýär. Adamlar syýahata gidenlerinde müň derdiň dermany bolan üzärlige örän seresap çemeleşipdirler. Ýaz aýlarynda heniz ýetişmedik üzärlikleri göklügine ormaly däldir. Tomsuň ahyrky aýlarynda ýa-da güýz aýlarynda üzärlik ösümligini derman serişdesi hökmünde ýygmak bolýar. Üzärlik ösümligini basgylamaly däl hem-de güllerini ýolmaly däldir. Ony ýyganyňdan soňra kölegede guratmaly. Günde goýlan üzärlik dermanlyk häsiýetini ýitirip biler. Guradylan üzärligi uzak wagtlap saklamak bolýar. Bu ösümlik 3-4 ýyllap dermanlyk häsiýetini ýitirmeýär. Garagum sährasynda ojar, sazak, ýowşan, gandym, borjak ýaly ösümlikler bilen bir hatarda üzärligiň hem tokaýlyklary bar. Esasy bellemeli zat, üzärlik ajy bolansoň, haýwanlar ony iýmeýärler.

Автор записи: admin