Baga ideg edip, ondan bereket tapýan bagbanlaryň biri-de Täçmämet Goýçyýewdir. Ol Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Ak altyn geňeşliginde ýaşaýar.
Täçmämet bagban ýylyň-ýylyna maşgala agzalary bilen dürli görnüşdäki miweli baglaryna janypkeşlikli hyzmat etmegi başarýar. Biz golaýda ussat bagban bilen bag, bagbançylyk dogrusynda özara söhbet edenimizde ol:
— Meniň bir asyry arka atan kakama Goýçy Amandurdyýew diýýärler. Dogrusy, kakam ömür örküni daýhançylyk, bagbançylyk ýaly asylly, hormatly käre bagyş eden adam. Kakam häzir şunça ýaşasa-da, heniz gujurly görünýär. Ol oglum Umyt ikimize miweli baglary idetmegiň ýollary barada köp maslahatlary berýär — diýdi.
Ussat bagban Täçmämet Goýçyýewiň täsirli gürrüňlerini diňläp durşuma, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýüz ýaşy tegelän kakasy Goýçy Amandurdyýew bilen görüşmegi göwnüme düwdüm. Şeýlelik bilen, göwün matlabymy bagbana mälim edenimde, ol meni kakasy Goýçy aga bilen didarlaşdyrmaga höwesjeň boldy.
Obanyň orta gürpündäki daş-töweregi bag-bakjalyga bürenip oturan kaşaň jaýyň öňünde saklanan badymyza, orta boýly, bugdaýreňk ýigit gelip, öýe girmegi mürähet etdi. Ynha, biz ýüz ýaşly Goýçy aganyň döwletli ojagynda, bereketli saçagynyň başynda otyrys. Ol bizi ozal gören ýaly, gadyrly aman-saglyk soraşdy. Içimden özümize Goýçy aganyň uzak ýaşyny arzuw edip, ýuwaşjadan oňa çaý başynda sorag berip başladym. Tüweleme, köp döwürleri-döwranlary başdan geçiren gojanyň entek ýatkeşligi oňat eken. Goýçy aga biziň berýän sowallarymyza gyssanman jogap berýärdi. Ol, ilki bilen, ýaşlyk döwrüni ýatlap ugrady.
— Men heniz süňňi berkemedik ýaş oglan mahalym meýdanlarda mal bakardym, daýhançylyga kömek ederdim. Ana, şol döwürler kakam Amandurdy Bekdurdyýewi 1941 — 1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşuna aldylar. Kakam urşa gidensoň, maşgalanyň bar keşigi meň boýnuma galdy. Eklenç üçin kolhozda işledim. Onuň gapdalyndan bagbançylyk bilen meşgul bolup ýörkäm, edil 25 ýaşymda öýken hassalygyna duçar boldum. Şonda oba lukmanlarydyr tebipler bu keselden saplanmak üçin ary balyny tapyp iýmegi maslahat berdiler. Onsoň goňşy Helleň obasynda Ibadulla atly bir ýaşuly adam bilen tanyş boldum. Ol balarysyny idedýän eken. Şol ýaşulynyňka baryp, özümiň öýken keseline duçar bolandygymy gürrüň berdim. Bu dertden halas bolmaga ary balynyň nepiniň degjekdigini aýdanymda, tejribeli balçy Ibadulla aga maňa garap:
— Ynsana ýolugýan derdiň gowusy ýok. Öýken şikes tapaýsa, ol dert uzaga çekýändir. Onuň bire-bir emi-de arassa baldyr. Eger isleseň, maňa şägirt durup, bal arylaryny idedip başlarsyň, olaryň ýygnaýan ballaryndan iýersiň, derdiň zym-zyýat bolar — diýdi.
Soň men 1958-nji ýyldan tä 1970-nji ýyla çenli Ibadulla agalarda bolup, onuň arylaryny idetmäge kömek berdim. Şol döwürde dertden hem saplandym. Halypam maňa ak patasyny berip, 4-5 guty bal arylaryny sowgat etdi. Men olary alyp, öýde özbaşdak bal arylaryny idedip başladym. Häzir hem oglum Amandurdy bilen öýümiziň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwrüp, bal arylaryny idedýäris — diýip, goja sözüni soňlady.
Goýçy aga hem bal arylaryny idetmekde özüne şägirt tutunypdyr. Onuň bu ugurda şägirdi Aşyrdurdy Jumaýew bolmaly. Aşyrdurdy hem bal arylaryny idetmekde halypasy Goýçy aganyň berýän degerli maslahatlaryna eýerýär.
Balçylyk, bagbançylyk ýaly sogaply işe ömrüni sarp eden Goýçy agadan uzak ýaşamagyň syryny soranymyzda, ol şeýle diýdi:
— Uzak ýaşamagyň bir gizlin syry-ha ýok. Adam mydama hereketde bolmaly, wagtly-wagtynda iýmitlenmeli, ukyny ine-gana almaly, özüňi yssydan-sowukdan goramaly. Başda belleýşim ýaly, hemmelere ary balyny iýmegi maslahat berýärin. Ynha, Hudaýa şükür, häzir ýüz ýaşanam bolsam, özümi duýşum oňat, säher çagy mal-garalaryma, bag-bakjalaryma, bal arylaryma esewan bolýaryn. Ertiriň arassa howasyndan dem alýaryn, otursam-tursam agtyk-çowluklaryma-da şu zatlary ündeýärin.