Ussa Guşuň minarasy

Gadymy zamanlarda Köneürgenç ýurdunda sözüne ýüp atyp bolmaýan bir han bar eken. Ol ölmezinden öň at galdyrmak isläp, ulamalary, dana bilgiçleri köşgüne çagyrypdyr.

  • Men garrapdyryn- diýip, ol sözüne başlapdyr – Alla işine çäre ýok. Bu dünýä gelen gitmeli. Men köp ýyl han boldum. Özümden nyşan galdyrasym gelýär. Kimde nähili maslahat bar. Aýdyp oturyň – diýipdir.

Oturanlaryň her haýsy bir teklibi aýdypdyr. Biri «Derýany beklet, aşaky han gullugyňda bolsun» diýipdir. Beýlekisi «Dagy kesip, ýap geçir. Soňkular ýagşylykda ýatlarlar» diýipdir. Üçünji biri «Ýurt basyp al. Adyň arşa galar» diýipdir. Garaz, aýdylmadyk, diýmekdik gep galmandyr.
Han «bolanok» diýip oturanmyş. Ahyry ýüz ýigrimi ýaşly bir goja:
-Han, niýetiň dogry. Bu dünýä gelen bir nyşan goýup gitmeli. Tagta çykar ýaly ogluň ýok, ýeke gyzyň bar. Ürgençde bir minara saldyr. Boýy asmana ýetsin. Çyrasy gün bilen çakyşsyn. Minaraň üstüne çykan adam emin-erkin Ürgenç ýurdyny görüp bilsin — diýipdir.
Han:

  • Şeýle ymaraty saljak ussa barmy?-diýip sorapdyr.

Ol goja:
Bar-diýipdir.
Han gojadan:

  • Ol kimdir?-diýip sorapdyr.

Onda goja:

  • Ho:ol goltugyndaky obada bir nakgaş ýigit bar. Eli gül diýenleri.

Eden işinden kös tapjak gümanaň ýok. Minara salmakda ondan öňe geçýän ussa ýok-diýipdir.
Ertesi han  ussany köşgüne getiripdir. Görse görmegeý, edenli, gepi-sözi düz ýigitmiş.
-Eý ussa ýigit – diýip han söze başlapdyr – sen maňa minara salyp ber. Owadanlykda, haşamlykda beýiklikde ondan öňe geçjek minara bolmasyn-diýipdir.
Ussa razy bolupdur. Ol ara wagt salman işe başlapdyr. Ussa müňlerçe sygryň süýdine eýlenen kerpiçleri rejeläp, örüp barýamyş. Sygyr süýdüne eýlenen kerpiçlerden örülip barýan minara dogan gün mysaly şöhle saçyp, asmana sary barýamyş.
Gün yzyndan gün geçipdir. Günlerde bir gün ýeke diktary, owadanlykda deňi-taýy ýok Suluw gyz salnyp, orta boluberen minara tomaşa etmäge barypdyr. Görse, minara şeýle bir owadan, haşamlymyş. Gözüň ak ýagyny iýip barýamyş. Gyz şeýle minarany dikleýän ussa ýigidi görmek işläpdir. Kerpiçleri rejeläp örüp barýan ussany gören gyz oňa aşyk bolupdyr. «Galany salyp bolandan soň oňa yşgymy aýan edeýin. Meger Ürgençde şundan akylly, şundan görmegeý, edenli ýigit bolamasa gerek!» diýip, gyz minara garynja gatnawyny edip başlapdyr.
«Raýatda iki gulak bolsa, handa kyrk gulak bolarmyş» didýipdirler. Han bisähet günleriň birinde gyzynyň minara garynja gatnawyny edip başlandygyny eşidip, ör-gökden gelipdir. «Heý-de han gyzynyň ussa baranyny eşiden, gören bamy? Han gyzy han ogluna mynasyp, Minara diklenenden ussany ýok edeýin. Şeýtsem, gyzymy masgaraçylykdan halas ederin. Ussany sag-aman ibersem, ol başga ýere baryp, mundan hem artyk minara salar. Beýle minarany bu dünýäde gören ýok. Goý, onuň salan minarasy diňe Köneürgençde, meniň ýurdumda şöhle saçsyn»-diýip, içini hümledipdir.
Minara salynyp boluberende ussany salgy beren hälki garryny huzuryna çagyrypdyr-da, matlabany orta atypdyr. Dana goja çykgynsyz ýagdaýda galypdyr. Hana: «Bu işiň tegelek diýse, kelleden jyda düşjek. «Dogry edýäň»-diýse, Allanyň öňünde ýazykly, bendäň öňünde günäkär boljak. Garry hana «Özüň bilýäň»-diýip, yzyna dolanaýypdyr.
Goja yza çekip, ahyry hanyň gara niýetini Suluw gyza aýdypdyr. Gyz boljak wakany ussanyň wepaly şägirdine ýetiripdir. Şägirdi hanyň niýetini kerpije ýazyp, ussa mälim edipdir. Ussa hem şägirdine ýelim bilen malyň ýuka derisini ibermegi haýyş edipdir. Şagirdi ýelimdir derini minaranyň iç ýüzünden ýokary ýetiripdir. Ussa ýigit hem minarany dikläpdir, hem uçar ýaly iki ganat ýasanypdyr.
Säherli gün ussa ýigit minarany ýasap bolupdyr. Tutuş Köneürgenç halky ýygnanyp, minara tomaşa edipdir. Ussa ýigidiň düşmegine uly il sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr. Şol mahal Alla tarapyn, ýigit edil guş dek uçup gidipdir.
Han iliň gözüniň öňünde bolan bu waka haýran galypdyr. Ondan ne at, ne şöhrat galypdyr.
Rowaýatlaryň aýtmagyna görä:
Ussa ýigit uçup barşyna häzirki Boldumsaz etrabyndaky galanyň ýerine baryp düşüpdir. Gazaply mekir handan halas bolan ýigit:

  • Indi boldum saz- diýipdir.

«Boldumsaz» diýen at şonadn galan. Köneürgenç halky ussanyň salan minarasyna «Ussa Guşuň minarasy» diýipdirler.
Ussa Guş bolsa Boldumsazdan uçup gidip, Buhara barypdyr. Ol ýerde   Köneürgençdäki ýaly ikinji minara salypdyr. Ady rowaýata öwrülipdir.
Köneürgenç hany Alla tarapyn, kaza tapypdyr. Bir rowaýatçynyň aýtmagyna göra, Ussa Guş Köneürgenje gelip, magşuk gyzy alanmyş. Belki şeýle bolaýady-da!

Автор записи: admin