Uly ýaşly adamlaryň iýmiti nähili bolmaly?

Ýyllaryň geçmegi bilen, adam garrap, beden synalarynyň gurbaty gaçyp başlaýar. Bu tebigy kanunalaýyklykdyr. Ýöne beden synalarynyň tiz garramagynyň öňüni alyp bolýandygy alymlar tarapyndan subut edilendir. Munuň üçin, ilki iş bilen dynç alşy gezekleşdirmegi başarmaly, hemişe hereketde bolmaly, ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli, iň esasy zat bolsa kadaly iýmitlenmegiň düzgünlerini bilmeli we olary pugta berjaý etmeli.
Iýmitlenmek diýip beden synalarynyň işiň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmäge harçlan energiýa harajatlarynyň öwezini dolmak, zeperlenen beden öýjüklerini we dokumalaryny gaýtadan dikeltmek, beden synalarynyň bökdençsiz hem sagdyn işlemegini üpjün etmek üçin zerur bolan maddalaryň bedene barmagyna, siňmegine we özleşdirilmegine aýdylýar. Iýmitlenmek kadalarynyň pugta berjaý edilmegi birnäçe keselleriň döremeginiň öňüni almaga, ýarawsyzlyk döreýän ýagdaýynda-da, onuň tiz we netijeli bejerilmegine ýardam edýär. Çenini bilmän, köp iýýän, üstesine-de, az hereketde bolýan adamlarda semizlik, ateroskleroz ýaly keseller kadaly iýmitlenýän adamlaryňka garanyňda köp duş gelýär.
Ýaşuly adamlaryň iýmitiniň düzüminde, esasan, köp dürli, siňmesi ýeňil, kaloriýa kuwwatlygy pes azyk önümleri bolmalydyr. Olarda beloklaryň, witaminleriň, duzlaryň, aýratyn hem, kalsiý, kaliý duzlarynyň we mikroelementleriň, şonuň ýaly-da suwuklyklaryň ýeterlik mukdarda bolmagy zerur bolup durýar. Ýaşy 60-dan geçen adamlaryň iýýän iýmitinde eti we et önümlerini belli bir derejede çäklendirmek, olaryň ýerine süýt we süýt önümlerini, balyk önümlerini köpräk iýmek maslahat berilýär. Gaýnadylyp bişirilen etdir balyk gowrulandan has peýdalydyr. Kadaly iýmitlenýän adamyň gündelik naharynda erik, ülje, garaly kişdesi, kişmiş, kak bolmaly. Gök önümleri duzsuz ýa-da az duzlap, ösümlik ýagyny goşup iýmek maslahat berilýär. Iýmitde deňiz önümlerini ulanmak ýoduň ýetmezçiligini aradan aýyrýar. Gündelik iýmitde suwuklyklary (suwuň, çaýyň, miwe we ir-iýmiş gaýnatmalarynyň) azyndan 2,5 litre çenlisini içmek maslahat berilýär. Duzly we ýiti naharlar gan basyşynyň ýokarlanmagyna, suwuklyklaryň beden synasynda saklanmagyna getirýär. Bu bolsa ýürege artykmaç agram salýar. Kadaly iýmitlenmek sagdyn durmuşyň bir bölegi bolup durýar. Bu asylly ýörelgä eýerýän adamlaryň ömri uzak, şähdi açyk, ruhy belent bolýar.

Автор записи: admin