Ulag-üstaşyr ulgamyndaky üstünlikler

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesinden ugur alýan Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň dünýäniň abraýly guramalary we döwletleri bilen ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitleýär. Ata Watanymyz dünýädäki parahatçylyga, durnuklylyga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli we maksada okgunly durmuşa geçirmek bilen, halkara derejede uly abraýa eýe boldy. Dünýä halklarynyň abadançylygyny ösüş, hoşniýetli hyzmatdaşlyk arkaly berkitmäge gönükdirilen syýasatyň türkmen nusgasy dünýä jemgyýetçiliginde görlüp-eşidilmedik waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz halkara jemgyýetçiligiň giň seslenmesine eýe bolan syýasy, durmuş-ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer häsiýetli möhüm ählumumy meseleler boýunça birnäçe wajyp halkara başlangyçlary öňe sürdi. Türkmenistanyň Prezindentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde howpsuzlygy berkitmäge, ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge degişli meseleleriň giň toplumyny kesgitledi. Şolaryň hatarynda ulag-aragatnaşyk, energetika, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we başga-da birnäçe ugurlarda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça başlangyçlary giň goldawa eýe boldy. Energiýa serişdeleriniň durnukly üstaşyr geçirilmegi, şeýle hem ulag geçelgeleriniň we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça guralýan ýokary derejedäki halkara maslahatlar, amala aşyrylýan toplumlaýyn işler bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalara şaýatlyk edýär. Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda ulag meselesi boýunça ählumumy dialogy ýola goýmak başlangyjy bilen çykyş edip, BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyny geçirmegi teklip etdi hem-de gurady. Soňky ýyllarda döwrebap ulag-üstaşyr logistik infrastrukturany çalt emele getirmek bilen baglanyşyklylykda, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän anyk işleri diňe bir milli ykdysadyýete däl, eýsem, ösüşiň sebitleýin ugurlaryna hem güýçli itergi berýär. Geografik taýdan amatly ýerleşen hem-de sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan ýurdumyz bu ugurda ählumumy bähbidiň hatyrasyna özüniň uly mümkinçiliklerini özara parahatçylyk, ynanyşmak ýoly arkaly amala aşyrýar.

Автор записи: admin