Ulag diplomatiýasy — rowaçlyklaryň ýoly

Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ulaglaryň aýratyn möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ulag-üstaşyr ulgamy türkmen döwletiniň geosyýasy maksadyna sazlaşykly goşulýar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ýewraziýa giňişliginde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge bagyşlanan «Ulag we logistika — durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň, Hazarýaka döwletleriň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň halkara derejesindäki maslahatlarynyň geçirilmeginiň halkara deňiz, ýük, gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde, port düzümlerini ösdürmekde we logistik maglumatlary alyşmakda ähmiýeti uludyr. Bu maslahatlaryň çäginde Watanymyzda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek we halkara ulag ulgamlaryna birikmek, Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäginde ulag ulgamynyň ösüşiniň geljegini kesgitleýän birnäçe meselelere seredilip, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerine goşulmagyň möhüm şerti bolup durýandygy baradaky wajyp işler ara alnyp maslahatlaşylýar. Çünki häzirki zamanyň ösen ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ulgamy köp sanly we howpsuz halkara ulag-logistika düzüminiň bolmagyny talap edýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň gurulmagy hem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistik halkasyna öwrülmegine gönükdirilendir. Geljekde bu portuň has netijeli ulanylmagy bilen, Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň täze derejä çykaryljakdygy hem-de Aziýa bazarlarynyň Ýewropa üçin elýeterliliginiň ýokarlandyryljakdygy şübhesizdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty arkaly Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýadan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelip gowuşýan ýükleri Eýranyň Bender Abbas, Enzel, Mirabad portlaryna, Russiýanyň we Gazagystanyň portlaryna ýa-da Azerbaýjanyň Baku portyna, şol ýerden bolsa Gruziýanyň Poti portyna ugratmaga mümkinçilik dörär.
Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ulgamy hem dürli görnüşli ýükleri daşamakda uly mümkinçiliklere eýe boldy. Häzirki döwürde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli, döwrebap awtobany gurulýar. Bu ýoluň ulanmaga berilmegi Merkezi Aziýadan gelýän ýükleriň Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça täze deňiz menziline äkidilip, Hazar deňziniň üsti bilen Kawkaza, şol ýerden bolsa Türkiýä hem-de Ýewropa ýurtlaryna halkara ýük gatnawlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär.
Häzirki döwürde Türkmenistan ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, deňiz-derýa ýollary, awtomobil, demir ýollary, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalary, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalary amala aşyrýar.
Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup, hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär,  Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bitarap Türkmenistan bu ugurda umumy tagallalary utgaşdyrmakda BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan işlerde işjeň orny eýeläp, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary durmuşa geçirip, köp şahaly, utgaşykly ulag düzümini kemala getirmäge saldamly goşant goşýar.

Автор записи: admin