Häzirki wagtda adamlar köp keseller üçin internetde alternatiw bejeriş usullaryny gözleýärler. Tüwi ýagy soňky döwürde köp adamyň ünsüni özüne çekmegi başardy. Şu günki makalamyzda tüwi ýagynyň peýdaly ähmiýeti barasynda durup geçeris.
Adamlar hemişe tebigy görünmegi isleýärler. Sebäbi bedendäki himiki maddalaryň zyýanly täsirleri uly bolup bilýär. Derman bejergisini talap edýän töwekgelçilikli kesellerde-de adamlar alternatiw dermanlara ýüz tutýarlar. Tebigatyň sowgady bolan ösümliklerden başgada birnäçe ýaglary alyp peýdalanyp bolýar. Tüwi kepegi ýagy Uzak Gündogar ýurtlarynda uzak wagtlardan bäri ulanylyp gelinýär. Tüwiniň kepek ýagy tüwüniň daşky gaty gatlagyndan alynýar.
Tüwi kepek ýagynyň artykmaçlyklary näme?
- Mono we poli doýgun ýag kislotalaryny öz içine alýan tüwi kepek ýagy, holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edýär.
- Ýürek-damar saglygyny goramakda işjeň rol oýnaýar.
- Bedeniň semiremegine garşy häsiýetleri bar.
- Gan aýlanyşyny çaltlaşdyrmaga we ýokary gan basyşyny peseltmäge kömek edýär.
- Tüwi kepek ýagy iýmitiň aşa ýagly bolmagynyň öňüni alýar. Şeýlelik bilen, semremekde sizi goldaýar.
- Onuň allergen häsiýeti gaty pes.
- Gandaky karbamidiň mukdaryny azaltmaga kömek edýär.
- Antioksidant komponentleriniň ýokary derejesi sebäpli immunitet ulgamyny berkitmäge kömek edýär.
- Omega 9-a gaty baý.
- Saçyň saglygyna kömek edýär