Türkmenistanda milli bilim ulgamy

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.
Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr diýip, milli Liderimiz belleýär.
Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň çäklerinde Türkmenistanda “Bilim hakyndaky” kanun kabul edildi.  Şoňa laýyklykda,  ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin bilim ulgamyna döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary girizilýär, orta we ýokary okuw mekdepleri kompýuter we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär we çagalar baglary, orta we ýokary okuw jaýlary gurmakda uly işler alnyp barylýar.
Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hakyky ojagy bolan ýokary mekdebiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanda soňky ýyllarda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň sany düýpli artdy, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň birnäçesi girizildi, bu iş häzir dowam edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan hem-de tassyklanylan ylym pudagyny ösdürmegiň maksatnamalaýyn binýadyny 2018-2024-njy ýyllar üçin durmuş ykdysady ösüşiniň Milli  Maksatnamasy, Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasy we beýlekiler bolup durýar.
Türkmenistan ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, esasy halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylym merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologiki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Häzirki döwürde dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary hem-de gaznalary bilen hyzmatdaşlyk ep-esli giňeldildi. Ýurdumyz bilim işine dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistanyň çäginde hereket edýän halkara guramalary — Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Ösüş Maksatnamasy, Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bilen bilelikde işler alnyp barylýar. Biziň döwletimiz dünýäde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze taryhy tapgyry ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bilelikde, bilim ulgamynyň hem yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär.
Türkmenistanda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
12 ýyllyk okuwa geçilmegi bilen baglanyşykda we hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda işler alnyp baryldy. Elektron dolandyryş, programma üpjünçiligi, elektron bilim, maglumat gaznasyny döretmek boýunça okuw maslahatlary guraldy. Ýokary okuw mekdeplerini bitewi bilim ulgamyna goşmak boýunça işler geçirilýär.
Mekdep okuwçylarynyň öwrenýän daşary ýurt dilleriniň sanawyny artdyrmak hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi bu ugurdaky nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Munuň özi köpugurly halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geriminiň giňelýändigini we ösýändigini nazara almak arkaly kabul edildi. Iňlis, fransuz, nemes, ýapon we başga-da dürli dilleri çuňňur öwredýän okuw mekdepleri hereket edip başlady.
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ders ugurlary boýunça geçirilýän abraýly olimpiadalarda her ýylda üstünlik gazanmagy bolsa bilim ulgamynda amala aşyrylýan täzeçil özgertmeleriň oňyn netijesidir.
Ýurdumyzda mugallymlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, bu ugurda hünär derejelerini ýokarlandyrmak, iň oňat mugallymlaryň hem-de terbiýeçileriň öňdebaryjy tejribelerini wagyz etmek maksady bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň goldamagynda Bilim ministrligi tarapyndan «Ýylyň mugallymy» we «Ýylyň terbiýeçisi» atly döwlet bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
Iň täze bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hünäri hem ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, şu döwletlerde öz talyplarynyň sanynyň ep-esli artmagyny gazandy.

Автор записи: admin