Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan ilkinji önüm iň köp isleg bildirilýän hem-de her gün iýmit hökmünde ulanylýan azyk harydy bolan çörek boldy. Hünärmenler şeýle hem bu serişdäni «Berzeňňi» mineral suwuna goşmagy meýilleşdirýärler.
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji we dünýäde dördünji bolup, halkara ölçeglere laýyklykda duzuň ýodlaşdyrylmagyny üpjün eden ýurt hökmünde resmi taýdan ykrar edilendigini bellemek gerek. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda öndürilýän uny demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, döwletimiz uny baýlaşdyrmak işinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi üçin, halkara sylagyna mynasyp boldy. Häzir uny sink we B12 witamini bilen baýlaşdyrmak mümkinçiligi öwrenilýär.
Türkmenistan täze ýokanç kesele garşy işjeň göreşip, ýurdumyzyň çäginde koronawirus hem-de beýleki howply ýokançlaryň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar.