Türkmenistan – Täjigistan: ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli strategiki hyzmatdaşlyk

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu resmi saparyna Täjigistanda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belledi. Şunda Täjigistan Respublikasynyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygy tassyklanyldy, öňden gelýän taryhy gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Täjigistana gelmek baradaky çakylygy hem-de mähirli kabul edendigi üçin täjik kärdeşine minnetdarlyk bildirip, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň hem-de onuň netijeleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk we
doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine, özara bähbitli türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze itergi berjekdigine, onuň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.
Täjik lideri Täjigistanyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, gol çekmäge taýýarlanylan iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň wajyplygyny belledi. Ol türkmen-täjik gatnaşyklarynyň tutuş toplumyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmona täjik topragynda mähirli garşylanandygy hem-de netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirip,  ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, işewürlik hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, täze ugurlara çykmagyň ýolunda möhüm ädim hökmünde bu duşuşygyň ähmiýetini belledi.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Автор записи: admin