Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde gepleşikler geçirdi. Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýum we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen duşuşdy. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň resmi web sahypasynda bellenilip geçilýär.
Bu duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň hem-de söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda maýa goýum, senagat, söwda we ykdysady, ulag we logistika, medeni we ynsanperwer ugurlar, şeýle hem suwdan peýdalanmak, sebitara hyzmatdaşlyk we azyk pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşyldy.
Öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ugry düýpli gözden geçirildi we geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy has çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi.