Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasy boýunça ylalaşyk gazanyldy

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýardygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, türkmen tebigy gazynyň Hytaý Halk Respublikasyna ugradylmagy meýilleşdirilýän möçberlerini kesgitlemegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçiliklerini seljerilmelidigini aýtdy. Ol 4-nji şaha boýunça Hytaýa tebigy gazy ibermek üçin esasy serişde binýadyna öwrülmelidir.

Ýurdumyzyň çäginde türkmen tebigy gazynyň 4-nji şaha boýunça Hytaýa ugradylýan möçberlerini üpjün edýän önümçilik, gaz ugradyş düzümleriniň döredilmegi çözgüt talap edýän esasy meseleleriň biri bolup durýar.

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован.