Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Özbegistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge uly üns berýändigini nygtady. Bu hyzmatdaşlyk taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, barha täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunda ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar möhüm orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda golaýda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň mähirli garşylanandygy hem-de görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol saparyň çäklerinde özbek kärdeşleri bilen ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, söwda-ykdysady we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.
Milli Liderimiz geçen ýylyň oktýabr aýynda Daşkende bolan resmi saparyny aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol ýerde ýokary derejede, açyklyk we özara ynanyşmak ýagdaýynda netijeli gepleşikler geçirildi. Olaryň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we iki doganlyk halkyň abadançylygyna hyzmat etjek resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak arkaly guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetiniň bähbitleriň umumylygy hem-de hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda berk syýasy erk-islegiň bardygy bilen şertlendirilendigi nygtaldy.