Türkmen alabaýy adamkärçiligini asylly ýörilgelerini özünde jemleýan haýwanlaryn biridir. Alabaý – dost, goragçy we göreşiji – alabaý iti türkmen halkyna nesilden-nesle gulluk edip gelýär. Alabaý ýa-da başgaça atlandyrylyşy ýaly, Orta Aziýanyň goýun hem-de aw köpekleri itleriň gadymy tohumlarynyň biri bolup, ol Uraldan Owganystana, Hazardeňzinden Hytaýa çenli aralykdaky örän giň çäklerde saklanyp gelinýär.
Alymlar möjekler bilen başa-baş garpyşýan bu itleriň nesli Mesopotamiýanyň dogumly, söweş itlerinden gaýdýar diýip hasaplaýarlar. Orta Aziýanyň goýun hem-de awköpekleri baradaky ilkinji taryhy ýazgylar mundan birnäçe müň ýyl ozalky döwre degişlidir we olarda bu itleriň atlary umumlykda «aziat» diýlip tutulýar. Türkmenistandaky gadymy Altyndepe galasynda (biziň eýýamymyzdan ozalky 2000-nji ýyl) geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeljigi hem-de häzirki zaman orta aziýa aw itlerini ýatladýan äň süňkleri äpet uzyn we kellesi çüri läheň jandaryň gatap giden galyndysy tapyldy. Alabaý – itiň daşky görnüşinden, ýagny gara-alalygyndan habar berýär. Onuň gülgünräk açyk sary ýa-da goňrumtyl reňki çöl tebigatynyň esasy öwüşginlerine doly laýyk gelýär. Garagumda dowar bakýan çopanlar mal sürülerini gorap saklamakda örän gadymyýetden bäri bu dogumly, äpet göwreli köpekleriň kömeginden peýdalanypdyrlar. Olar, esasan, mallary ýyrtyjy haýwanlardan goraýar, Garagumyň ýowuz tebigatynyň gazaply şertleri, şonuň ýaly hem ýerli itşynaslaryň emeli ýol bilen tohumlary çakyşdyrmakda alyp baran dynuwsyz işleri ahyrky netijede itleriň başga hiç bir görnüşleri bilen garyşmaýan, häsiýeti boýunça gaýduwsyz, şir ýürekli türkmen köpekleriniň döremegine getiripdir.