Türkmeniň alabaý itleri barada aýdanyňda onuň ajaýyp tebigy nusgasy, batyrlygy, aňyrdan gelýän ajaýyp edermenligi ýadyňa düşýär. Türkmen halkymyz alabaý itlerini özüniň öý – ojaklarynyň, mal – mülküniň goraglylygyny gapysynda duran alabaý itlerine ynanypdyrlar we özleriniň köňül rahatlygyny onuň bilen paýlaşypdyrlar. Alabaý – biziň mili buýsanjymyzdyr, diýip hormatly Prezidentimiz özüniň “Türkmeniň alabaýy” atly ajaýyp kitabynda örän jaýdar belläp geçýär. Türkmen halkynyň alabaýy – bu biziň Watanymyzyň milli baýlygydyr. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen biziň geljeki nesillerimiziň dowamatyny dowam etdirmek biziň borjumyzdyr. Çünki halkymyzyň milli baýlyklaryny has içgin öwrenip, olaryň ynsana bolan mahsus belent duýgularynyň, manyly oý-pikirleriň dünýäsidigini görýärsiň. Türkmeniň alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgeleriniň ajaýyp nusgalaryny özünde jemläp gelipdir. Adam ilki dünýä inip, zemine gelende, onuň daşyny her hili jandarlar gurşap alanmyş diýilýär. Şol wagty oňa duýgudaşlygyny bildiren itler bolupdyr diýip hormatly Prezidentimiz ajaýyp kitabynda belläp geçýär. Hakykatdan hem hormatly Prezidentimiz “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň “Ilkinji hem ynamdar syrdaş” atly bölüminde şeýle belleýär. Türkmen alabaýynyň wepaly, batyr durky ruhy hem-de beden sagdynlygyny bize nusga edýän gözellikdir, diýip bellemegi bilen türkmen halkynyň alabaý itleriniň dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýrandygy barada aýdyp geçýär. Bu günki gün Türkmen halkynyň milli Liderimiziň aladalary netijesinde halkara derejesinde durmuşa geçirilýän döwletli işleriň ähmiýetligi hasam ýokarlanýar. Bu günki günde asyrlary arka atyp gelýän halkymyzyň milli gymmatlyklaryny arzylaýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen alabaýlarynyň şöhratly adyna barha şan goşulýar. “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda dowam edýän bagtly pursatlar hakyky şanly wakalara öwrülip, parahatçylyk we ösüş ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyzyň iň täze taryhyna ýatdan çykmajak ajaýyp sahypalar bolup ýazylýar
Похожие записи '
11 Мар
Weterinar lukmançylygy ulgamynda sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti
Tehnologiýanyň hem-de sanly ulgamyň giňden ýaýbaňlaşdyrylmagy lukmançylyk pudagyna hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär....
07 Мар
Türkmen itleriniň häsiýetleri
Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň...
02 Мар
TÜRKMEN BEDEWI: ASYRLARYŇ JÜMMÜŞINDEN BIZIŇ GÜNLERIMIZE ÇENLI
Türkmenistan gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň ýurdudyr. Döwürler geçmişde höküm süren kuwwatly galalary we baý...
24 Фев
Milli gymmatlyklaryň belent sarpasy
Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, türkmen alabaý itleri dünýäde uly şöhrata eýe...