TÜRKMEN-TÄJIK GATNAŞYKLARY ÖSÜŞIŇ TÄZE DEREJESINE ÇYKDY

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soň, bu ýere ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldi.
Türkmenistanyň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli garşylady.
Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary Aşgabadyň Halkara howa menziliniň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen zalyna bardylar. Bu ýerde iki dostlukly ýurduň Prezidentleriniň çaý başynda söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda ösüşiň täze derejesine çykan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň meseleleri, düýn paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.
Söhbetdeşlik tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz täjik kärdeşini uçara münmäge çagyrdy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Arkadag Prezidentimiziň uçarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna we beýleki halkara ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna tarap ugradylar.
Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanlary mähirli garşylandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän goldawy üçin birek-birege minnetdarlyk bildirdiler.
Soňra Täjigistanyň Baştutany Halkara deňiz portuna baryp gördi, ol ýerde deňiz portunyň işi we ony ösdürmegiň geljegi bilen tanyşdy.
Portuň düzümleri bilen tanyşlygyň barşynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti parom, ýolagçy we konteýner termnallaryna baryp gördi.
Belent mertebeli myhman Halkara deňiz porty bilen tanyşmagynyň barşynda Türkmenistanyň “deňiz derwezesiniň” tehniki we tehnologiýa babatda enjamlaşdyrylyş derejesine ýokary baha berdi hem-de daşary ýurtlar bilen özara bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Автор записи: admin