Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň täze taryhy eýýamy: hoşniýetli goňşuçylykdan ygtybarly hyzmatdaşlyga geçişiň belent nusgasy

Taryhy, medeni, ruhy kökleri bir güzerden suw içýän, ýaşaýyş-durmuş terzi, däp-dessurlary birmeňzeş, gadymy akaba eýe türkmen hem-de özbek halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Heňňamyň öwrümli ýollarynda bagry badaşan bu iki halky baglanyşdyrýan dostluk, doganlyk rişdeleri wagtyň synagyndan geçip, müňýyllyklaryň dowamynda has hem berkedi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky öňe ilerlemeleri aýdyň duýulýar. Bu aýdanlarymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary we onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar hem ähli aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Bu resmi sapar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy maksadynyň sebitiň abadançylygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilýändigini alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň çäklerinde geçirilen bilelikdäki ykdysady forum iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny ýüze çykardy. Dünýä jemgyýetçiliginde bu ykdysady foruma döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ädim hökmünde baha berildi.
Döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky gepleşiklerde ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň we geljegi nazarlaýan uzak möhletli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berildi. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky haryt-söwda dolanyşygy durnukly ösmegini dowam edýär. Soňky ýyllarda bu görkezijiniň üç essä golaý artandygy hakynda nygtaldy. Gepleşikleriň dowamynda serhetýaka söwda merkezini açmak baradaky Ylalaşyga gol çekilmegi hem iki döwletiň arasynda söwda gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Ygtybarly dostluk gatnaşyklaryna eýerýän, strategik hyzmatdaş we doganlyk ýurtlar bolan Türkmenistan bilen Özbegistan hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde özara söwdanyň sanawyny giňeltmegi hem-de ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, dürli pudaklarda senagat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy, isleg bildirilýän önümleri öndürmegi hem-de üçünji ýurtlaryň bazarlaryna çykmagy, logistika düzümini kemala getirmegi göz öňünde tutýar. Şonuň bilen baglylykda, gepleşikleriň dowamynda taraplar degişli ýolbaşçylara «Ýol kartasyny» taýýarlamagy tabşyrmak barada ylalaşdylar.
Himiýa senagaty ulgamynda iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda iri şertnamalaryň birnäçesi baglaşyldy. Türkmenistanyň milli Lideri türkmen kärhanalarynda çykarylýan karbamidi daşary ýurt bazarlaryna ibermek hem-de Türkmenistanyň çäginde ýoduň, bromyň we natriý sulfatynyň önümçiligini guramak boýunça taslamalary amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi teklip etdi. Gepleşikleriň dowamynda metallurgiýa, elektrik energetikasy babatynda hyzmatdaşlyklary giňeltmegiň ugurlaryna seredildi.
Ykdysady forumlaryň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň, sergileriň we ýarmarkalaryň geçirilmegi söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. 2008-nji ýylda paýtagtymyzda Özbegistanyň harytlarynyň Milli sergisi, 2009-njy ýylda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň harytlarynyň Milli sergisi, 2018-nji ýylda Aşgabatda Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisi geçirildi. Bu işewürlik çäreleri söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda özüniň oňyn netijelerini görkezdi.
Şu gezekki syýasy gepleşikleriň barşynda iki ýurduň serhetýaka sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýetleriniň şu ýylyň 22-nji sentýabrynda Özbegistanyň Buhara we Horezm welaýatlaryna bolan saparlary hyzmatdaşlygyň bu netijeli ugruny pugtalandyrmaga uly goşant boldy. Hyzmatdaşlygyň bu ugruny işjeňleşdirmek maksady bilen, sebitleriň ikitaraplaýyn forumyny ýola goýmak hem-de onuň birinji duşuşygyny 2022-nji ýylda Hywada geçirmek teklip edildi.
Dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak babatda belent başlangyçlary öňe sürýän döwletimiz goňşy Özbegistan Respublikasy bilen syýasy gatnaşyklarynda abraýly halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary, halkara meseleler boýunça syýasy garaýyşlary Özbegistan tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.
Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirýän medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Bu ugurda geçirilýän türkmen-özbek dostluk konsertleri, festiwallar iki doganlyk halklary has-da jebisleşdirýär, bir maksada ugrukdyrýar. Sebäbi iki halkyň ruhy baglanyşygyny emele getirýän dil, medeni umumylygy bir kökden çykan goşa daragta çalym edýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän köçede şahyryň hormatyna ýadygärligiň, Ürgenç şäheriniň Türkmenler mähellesinde türkmen-özbek dostluk öýüniň açylmagy uly taryhy waka öwrüldi. Daşkent şäherinde gurlan «Aşgabat» seýilgähi, Aşgabat şäherinde gurulýan «Daşkent» seýilgähi iki doganlyk halkyň dostlugyny, jebisligini alamatlandyrýar. Şeýle hem «Ýüpek ýolunyň merjeni» atly Daşkent halkara kinofestiwalynyň çäklerinde geçirilen Türkmen kinosynyň günleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Gepleşikleriň dowamynda 2022-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiliklerine hem seredildi.
Gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýa sebitini ösdürmekde we parahatçylygy pugtalandyrmakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlara üns çekildi. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we sebit döwletleriniň dünýä syýasatyndaky, ykdysadyýetindäki ornuny pugtalandyrmakda ägirt uly hereketlendiriji güýçdügi hakynda nygtaldy.
Ulag ulgamynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, üstaşyr geçelgeleri ösdürmek, ýük daşalyşynyň möçberini artdyrmak ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýmak taraplaryň ykdysady bähbitlerine laýyk gelýär. Bu ugurda doganlyk döwlet türkmen tarapynyň Aşgabat ylalaşygyny ilerletmek hem-de Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň düzümini doly güýjünde ulanmak baradaky başlangyçlaryny goldaýar.Taraplar Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün etmäge ukyply kuwwatly hem-de döwrebap düzümiň döredilmegine gyzyklanma bildirýärler. Gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň gatnaşmagynda başy başlanan Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmegiň zerurdygy hakynda hem nygtalyp geçildi.
Syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin türkmen-özbek taraplary ägirt uly kuwwata we giň mümkinçiliklere eýedir. Türkmenistanyň Prezidentiniň iki ýurduň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň, tebigy baýlyklarynyň serhetýaka çäklerde bitewi syýahatçylyk giňişligini kemala getirmäge gönükdirilen umumy syýahatçylyk ulgamlaryny döretmäge mümkinçilik berýändigi hakyndaky teklibi hem uly gyzyklanma döretdi.
Ekologiýa we suw hojalyk meselelerini çözmekde hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk we özara hormat goýmak häsiýetine eýedir. Aral meselesini çözmek, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleriniň öňüni almak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatynda netijeli gatnaşyklar ýola goýulýar. Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň döredilmegine we onuň birinji mejlisiniň netijeli jemlerine iki ýurduň Liderleri kanagatlanma bilen baha berdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň üstünlikli tamamlanmagy iki doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny, birek-birege ynanyşmagyny has-da berkitdi, taryhy müňýyllyklara uzaýan hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini täze derejä çykaryp, ygtybarly hyzmatdaşlygyň barha ösdürilýändigini aýdyň görkezdi.

Автор записи: admin