Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň sesini eşidenden onuň näme isleýändigiine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Adamlar awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmaýarlar. Olaryň yzynda wepadar goragçylary galýar, olar maşgalalarynyň howpsuzlygyny doly ynanýarlar. Itleriň bar ýerine ýylan, möý-içýanam gelmeýär. Gadym wagtlardan bäri alabaý köpekleri ýeke bir mal iti hökmünde ulanylman, eýsem, sakçy, garawul hökmünde-de peýdalanylyp gelinýär. Orta Aziýa alabaýlary häzirki döwürde gorag, sakçy we yzçy itleriň içinde iň öňdäki orunlarda goýulýar. Şonuň ýaly hem alabaýlar iri, ýyrtyjy haýwanlaryň garşysyna awa hem ýaraýar. Türkmen alabaýlary Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda özleriniň adamyň ygtybarly, wepaly kömekçileridigini ýokary derejede subut etdiler. Türkmenistandan urşa ýeke bir batyr esgerler däl, eýsem, batyrgaý itlerem ugradylypdy. Dürli tohumdan bolan itleriň 70 müň sanysy şir ýürekli gerçek ýigitler bilen bilelikde Moskwadan Berline çenli söweş ýoluny geçdiler. Beýleki itler bilen bir hatarda türkmen alabaýlary hem ok-däri gatnatmakda bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitirdiler. Olar ýaralanan esgerleri söweş meýdanyndan alyp çykmakda şepagat uýalaryna ýakyndan kömek berdiler. Deslapdan kynçylyklara çydamak, ýowuz şertlere öwrenişmek öwredilensoň türkmen alabaýlary bu agyr işleri aňryýany bilen ýerine ýetirdiler.
Похожие записи '
11 Мар
Weterinar lukmançylygy ulgamynda sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti
Tehnologiýanyň hem-de sanly ulgamyň giňden ýaýbaňlaşdyrylmagy lukmançylyk pudagyna hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär....
02 Мар
TÜRKMEN BEDEWI: ASYRLARYŇ JÜMMÜŞINDEN BIZIŇ GÜNLERIMIZE ÇENLI
Türkmenistan gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň ýurdudyr. Döwürler geçmişde höküm süren kuwwatly galalary we baý...
24 Фев
Milli gymmatlyklaryň belent sarpasy
Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, türkmen alabaý itleri dünýäde uly şöhrata eýe...
24 Фев
Täze doglan alabaýa “Eýýam” diýip at dakyldy
Döwlet Baştutanymyz täze ýylyň ilkinji günlerinde dünýä inen nurana taýçanaga göwnejaý ideg edilýändigini, onuň sazlaşykly...