Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň gymmatlyklaryny ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanyň çäginde halkymyzyň şöhratly taryhynyň sahypalaryny özünde jemleýän medeni mirasymyzyň birnäçe görnüşleri bardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Dünýäniň gadymy medeni merkezleriniň biri hasaplanýan türkmen Diýary medeni-taryyhy ýadygärliklere baý ýurtdur”, diýip belläp geçýär.
Her bir halkyň taryhy hakydasy onuň ýazuw, medeni ýadygärliklerinde, halk döredijiliginiň şadessanlar, eposlar, rowaýatlar, ertekiler, hekaýatlar, aýdymlar ýaly görnüşlerinde beýan edilip, saklanyp galýar. Şonuň ýaly-da, halkyň geçmişini gadymy döwrüň alymlarynyň işlerinden, saklanyp galan taryhy resminamalardan öwrenmek bolýar. Bu görkezilenler we halkyň taryhy gymmatlyklar hazynasyny emele getirýän başga-da ençeme düzüm bölekleri halkyň medeni miras goruny düzýär. Türkmen halkynyň taryhy hakydasy hem Orhon-Ýeniseý ýazgylary ýaly ýazuw ýadygärlikleri, “Ergenokon” dessany, “Görogly” eposy ýaly dessanlaryň, “Oguznama”,”Gorkut ata” ýaly oguznamalryň we beýleki eserleriň üsti bilen häzirki döwrümize çenli gelip ýetipdir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permany, 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Halkymyzyň dilini, edebiýatyny, taryhyny, halk döredijiligini, däp-dessurlaryny, medeni mirasyny, ýadygärliklerini öwrenmek meseleleri ylmy esasdan alnyp barylýar.
Bu babatda türkmen alymlary tarapyndan Türkmenistanyň we türkmen halkynyň taryhyna, medeni we taryhy ýadygärliklerine, görnükli şahsyýetlerine, nusgawyşahyrlaryna degişli kitaplardyr ylmy işler çapa taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy we goldamagy bilen ýurdumyz halkara ylmy maslahatlarynyň we sergileriň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Bu halkara maslahatlarynyň we sergilriň Hormatly Prezidentimziziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde, ylym, bilim ulgamlaryny ýokary derejelere götermekde, täze tehnologiýalary we innowasiýalary önümçilige ornaşdyrmakda adamzat bähbitli alyp barýan işlerini dünýä ýaýmakda ägirt uly ähmiýeti bardyr.
Mälim bolşy ýaly, berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe milli Liderimizň parasatly başlangyçlary bilen türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny ýaş nesliň bähbidi üçin aýap saklamak we dikeltmek , öwrenmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimöçber tagallalary bilen türkmen milli mirasynyň gadymdan gelýän köp müňýyllyk taryhy täzeden dikeldildi. Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelen milli medeniýetimiz häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary bilen utgaşdyrylýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda döreýiş gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhy we medeni ýadygärlikleriň naýbaşy – gözellikleri Aşgabatda hem-de welaýatlarymyzda gurulýan häzirki zaman binalarynda özüniň dowamat dowamyny tapýar.