TÜRKMEN BEDEWI: ASYRLARYŇ JÜMMÜŞINDEN BIZIŇ GÜNLERIMIZE ÇENLI

Türkmenistan gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň ýurdudyr. Döwürler geçmişde höküm süren kuwwatly galalary we baý şäherleri harabaçylyga öwürdi. Ýöne wagt şöhratly geçmişiň şanly şaýady bolan ahalteke bedewlerine hiç hili täsirini ýetirip bilmedi. Taryhyň çylşyrymly wakalaryna, ýowuz öwrümlerine garamazdan türkmen halky dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussat hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýän milli atşynaslyk medeniýetini elýetmez baýlyk hökmünde mynasyp derejede gorap saklamagy başardy. Köp sanly taryhy maglumatlar we anyk güwänamalar atşynaslyk medeniýetiniň gadymy merkeziniň Merkezi Aziýa, ilkinji nobatda bolsa Türkmenistan ýaýlasydygyny biragyzdan tassyk edýärler. Köp sanly hünärmenleriň bellemegine görä, gadymy türkmen halky ilkinji bolup atlary eldekileşdiripdir.

Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde dürli döwürlerde tapylan köp sanly gymmatlyklar ýokarda aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Amyderýanyň ýakasyndan tapylan köp sanly gadymy mirasyň hazynalarynda atyň keşbi şekillendirilen gurallar has agdyklyk edýär. Şeýle-de bolsa belli alym, professor B.I.Sarianidiniň ýolbaşçylygynda gadymy Marguş ýurdunyň paýtagty Göňurdaky şa aramgählerinde, Murgabyň gadymy akymynyň boýunda tapylan bürünç enjamly araba galyndylary, eýerli atyň daş heýkeljikleri, çapyksuwarlary hatara duruzmak üçin ullanylýan tüýdükler we esasy bolsa Merkezi Azýada şeýle hem Ýakyn Gündogarda iň gadymy dessur bolan gurban edilen taýçanagyň jaýlanan mazary taryh üçin örän täsirli täzelik hasaplandy. Gadymy Marguş ýurdunyň ilatynyň durmuş gatnaşyklarynda eýýäm biziň eýýamymyzdan ozalky III asyryň we II asyryň başlarynda atlaryň eldekileşdirilendigi barada maglumatlar bar.

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован.