Türkmen alabaýy

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň taryhy gelip çykyşyny, şu günki günlere gelip ýetişini we milli aýratynlyklaryny ylmy esasda düýpli öwrenmek boýunça ähli şertler döredilýär. Türkmen alabaýy dostlugyň we wepalylygyň halkara nyşanyna öwrülýär.

Türkmen alabaýlary boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de bu itleri saklamak we köpeltmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň tagallalaryny bir ýere jemlemek maksady bilen, köp sanly işler amala aşyrylýar. 2019-njy ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby neşir edildi. Şol kitapda dörediji Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly goşgusy hem ýerleşdirildi. 2019-njy ýylyň sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy açyldy. 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk bölüminiň weterinar lukmançylygy kafedrasynda täze kinologiýa hünäri açyldy.

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован.