Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde toýlarymyz toýa ulaşýar. Şu ýyl mermer paýtagtymyz gözel Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy dabaraly belleniler. Muňa häzirden uly taýýarlyk görülýär.
“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda ýurdumyzda ýylyň ýylyna her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň baýramyny Türkmen alabaýynyň güni bilen bilelikde belläp geçmek hakynda mähriban Prezidentimiz ýörite Karar kabul etdi. Şol esasda bu goşa baýramçylyk şu ýyl ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaraly bellenilýär. Şonuň ýaly-da, adam deýin syzgyr, owadan, syratly, aýlawlary baglaýan bedewleri, arassa tohumly türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmekde köp ýyllaryň dowamynda yhlasly zähmet çekip, ajaýyp netijeleri gazanan atşynaslara, itşynaslara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlar dakylýar. Munuň özi bize ata-babalarymyzdan miras galan, at-owazasy äleme dolan, owadanlykda deňsiz-taýsyz, ýelden ýüwrük, gamyşgulak ahalteke bedewlerimize, şonuň ýaly-da ynsanyň ygtybarly goragçylary, çopanlarymyzyň wepaly kömekçileri bolan türkmen alabaýlaryna döwlet derejesinde sarpa goýulýandygynyň aýdyň ýüze çykmasydyr.