Topar öňe saýlanýar

Häzirki günlerde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Derýalyk» daýhan birleşiginiň pagtaçylary gowaça bejergisinde gaýratlylyk görkezýärler. Bu ugurda olaryň 42 sanysyny özüne birleşdirýän, Myrat Ödäýewiň ýolbaşçylyk edýän 3-nji kärendeçiler topary has oňat netijeleri gazanýar. Bu topara degişli 110 gektar gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, dökün bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Olaryň gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini şeýle depginde alyp barmagy «ak altynyň» bereketli hasylyny kemala getirmäge şert döredýär.

Автор записи: admin