Howanyň aşa gyzmagy bilen bagly ýaş çagalar we gartaşan adamlar daşary ir sagat 06:00-dan 09:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan 21:00-a çenli ýanlary bilen gerekli mukdarda agyz suwuny alyp we tomus paslynyň talaplaryna laýyk geýnip çyksalar has dogry bolar, beýleki adamlar bolsa zerur halatynda Günüň göni şöhlesinden goranmak üçin başgap geýseler, ýaglyk daňynsalar we ýanlary bilen saýawan alsalar, gerekli mukdarda agyz suwuny alyp we tomus paslynyň talaplaryna laýyk geýnip çyksalar, has ýerlikli bolar.
Tomus paslynyň gelmegi bilen, Günüň şöhlesiniň täsiri arkaly bedende ýaşaýyş üçin zerur bolan maddalar döreýär. Bedende suw-duz çalşygy işjeňleşip, deri örtüginiň üsti bilen derlemek arkaly, bedenden artyk bolan suwuklyk çykarylýar. Bu hadysanyň kadaly ýagdaýda dowam etmegi üçin hökman:
1.Günüň dowamynda 1,5-2 litr mukdarda arassa agyz suwuny içmeli. Gan basyşyny gözegçilikde saklamaly we lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerini öz wagtynda dogry kabul etmeli.
2.Kakadylan, ter miweleri kabul etmeli, ter miweleriň şirelerini lukmanyň maslahatyna esaslanyp kabul etmeli.
3.Kabul edilýän nahar ýeňil we ýokumly bolmaly. Her gün nahar iýmeziňizden öň, oňa taýýarlanmaly.
4.Her bir adam daşardan, yssy howadan salkyn öýe girende, hökman derli eşigini gury eşige çalyşmaly, birbada howa sowadyjynyň aşagyna kellesini, ýüzüni we petekesini tutmaly däl, sebäbi bu kelle beýniniň, ýüzüň süňk boşluklarynyň sowuklama kesellerine getirýär we ýokary dem alyş ulgamynyň keselleriniň döremegine sebäp bolup durýar.
5.Gyzyp gelip, sowuk suwuň aşagyna girmek düýbünden maslahat berilmeýär. Şeýle hem gyzyp gelip, sowadyjydan buz ýaly sowuk suwy, dürli içgileri birbada içmek düýbünden gadagan. Bu agyz boşlugynyň, dişleriň, gyzylödegiň, ýokary dem alyş ulgamynyň ýiti sowuklama keselleriniň esasy sebäbidir.
6.Üşemek, Günüň aşagynda gyzmak — ikisem beden üçin sarsgyn ýagdaýdyr. Şol sebäpden bedeni bu ýagdaýlardan paýhasly alyp çykmaly, sebäbi ýiti sowuklama keselleriň döremegi we dowamly keselleriň ýitileşmegi mümkin. Bu ýagdaýda bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmaly. Bally, limonly mylaýym çaý içmeli, alma gaýnatmasyny we demlemesini, itburun we zirk, çopantelpek demlemelerini kabul etmeli. Olar bedene gerek bolan mikroelementleriň öwezini dolýar we kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrýar. Düýe çaly we agaran tomus paslynda kuwwat beriji içgilerdir.
- Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda melhemlik häsiýetleri giňişleýin beýan edilen narpyz, çopantelpek, ýandagyň güli, käkilik oty, boýbodron, buýan otlaryndan taýýarlanan melhem çaýlar tomus paslynda kuwwat berip, teşneligi gandyrýar we keselleriň öňüni alýar. Almadyr armyt, gawundyr garpyz keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.
8.Tomus paslynda hem deňziň kenarynda özüňi dogry we paýhasly alyp barmaly. Günüň ýiti düşýän döwründe ýa-da Gün ýaşandan soň, ýagny agşam sagat 21:00-dan soň deňze girmek, çuň ýerlere barmak düýbünden gadagan. Her bir zatda, hususan-da, saglyk bilen bagly meselede paýhasly çemeleşmeli. Özüňizi şu tertipde alyp barsaňyz, tomus pasly diňe siziň saglygyňyza saglyk goşar we lezzet berer.
Gün urma — bu aşa yssy günlerde Günüň göni şöhleleriniň adamyň kellesine uzak wagtlap eden täsiri netijesinde kelle-beýnä zeper ýetmegi bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr. Bu ýagdaý daşarda, açyk meýdanda saýawansyz we başgapsyz uzak wagtlap bolnan ýagdaýynda ýüze çykyp biler.
Gyzgyn urma — bu aşa derlemek arkaly, yssy, çygly howanyň tutuş bedene uzak wagtlap eden täsiri netijesinde, bedeniň gyzmagy sebäpli bütin bedene zeper ýetmegi bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr. Bu ýagdaý önüm öndürilýän edara-kärhanalaryň sehlerinde, gyzgyn howruň golaýynda, howasy çalyşmaýan ýapyk jaýlarda, gyzyp duran awtoulaglaryň içinde we pasla gabat gelmeýän dar, sintetiki süýümlerden dokalan egin-eşikler geýlende ýüze çykyp biler.
Kähalatlarda bu iki ýagdaý utgaşykly ýüze çykyp bilýär.
Gyzgyn howada beden derlemek arkaly suwuklygy aşa köp çykarmak bilen goralýar. Ýöne der bilen bedenden gerekli maddalardyr suwuklyk hem çykarylýar, bu bolsa öz gezeginde bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şol sebäpden tomsuna pasla görä, açyk reňkli nah matalardan tikilen egin-eşikleri, başgaplary geýmek, we ýanyňyzda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwunyň bolmagyny üpjün etmek maslahat berilýär.
Gün we gyzgyn urmanyň alamatlary:
— ýürek bulanma, gaýtarma;
— kellagyry, baş aýlanma;
— umumy gowşaklyk, aşa ukuçyllyk, ysgynsyzlyk;
— ýüzüň gyzarmagy;
— bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy;
— gulak şaňlamasy;
— gözüň garaňkyramagy;
— dem alşyň we ýürek urgusynyň çaltlaşmagy;
— deriniň Güne ýanmagy;
— çaşmak we tutgaý alamatlary.
Ilkinji kömek:
— ejir çekeni gyzgyn ýerden salkyn ýere geçirmeli;
— dar egin-eşiklerini gowşatmaly, iliklerini ýazdyrmaly we sintetiki egin-eşiklerini çykarmaly;
— salkyn çygly mata bilen ejir çekeniň maňlaýyny, döşüni we boýnuny süpürmeli;
— ejir çekene köp mukdarda arassa agyz suwuny, miwe şirelerini, gaýnatmalaryny, gök çaýy mylaýym görnüşinde içirmeli.
Agyr ýagdaýlarda haýal etmän «Tiz kömek» gullugyny çagyrmaly.