GÖZEL TEBIGATYMYZY ÝANGYNDAN GORALYŇ!

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda kabul edilen «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň ata Watanymyzda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyp saklanmagy, üznüksiz köpeldilmegi, tebigat gymmatlyklarynyň rejeli peýdalanylmagy, ekologiýa, ykdysady we serişdelik kuwwatynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny kesgitlemekde iňňän uly ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan toplumlaýyn […]

Arassa suwuň bedeni taplamakdaky orny

Suwsuz ýaşaýyş asla mümkin däldir. Adamyň bedenindäki köp hadysalar suwuň gatnaşmagynda bolup geçýär. Bedeniň suwa bolan talaby ýaşyna we bedeniniň agramyna görä bolman, eýsem, daşky gurşawyň howa derejesine hem baglydyr. Suw adam bedeniniň her bir öýjüginiň 75 göterimini tutýar. Çagalaryň ulalmagy bilen olaryň suwa bolan talaby kem-kemden ýokarlanýar. Başlangyç synplarda okaýan çagalaryň suwa bolan talaby […]

SUNGATDA YZ GOÝAN USSAT

Daşoguz welaýatynyň iň baýry medeni ojaklarynyň biri hem Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrydyr. Teatr sungatynda zehin ussatlygy, döredijilikli zähmeti netijesinde janlandyran ajaýyp keşpleriniň üsti bilen köňüllere ýol çeken, il içinde häli-bu güne çenli ady hormat bilen tutulýan zehinli artistleriň nazary düşen, yhlasy siňen bu ojaga halypa mekdebi diýsek hem ýalňyşmarys. 1967-nji ýylyň 1-nji aprelinde […]

DYNÇ ALYŞ MERKEZINDÄKI BÄSLEŞIK

Golaýda welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşi, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiniň Daşoguz şäher şahamçasy, Daşoguz welaýat Raýat goranyş we halas ediş işleri müdirligi, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi bilen bilelikde guramagynda mekdep ýaşly ýetginjekleriň arasynda bäsleşik geçirildi. […]

Ýürek sözi

Amanýaz Berdiýew, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň «Bossan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi: -Daýhançylyk halkymyzyň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan kesbi-kärleriniň biri. Pederlerimiz tarapyndan ol ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip we ösdürilip gelnipdir. Meniň özüm hem daýhan neslinden, atam-enem ykbalyny ene ýere baglap, rysgal-berekedi şondan tapan adamlar. Menem ata kesbine eýerip, örkümi topraga bagladym. Indi birnäçe ýyldan bäri ak […]

Maral Kakabaýewa

Maral KAKABAÝEWA. Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby: -Biz, ýaşlar Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen, öz saýlap alan ugurlarymyz boýunça çuňňur bilim alýarys, hünär öwrenýäris. Bu biziň geljekde ýurdumyzyň dürli pudaklarynda iş alyp barýan kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin döredilen uly mümkinçilikdir. Elbetde, şeýle bagtyýar günlerimizde hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza sapar bilen gelmegi, […]

Orunbaý Gaýypow

Orunbaý GAÝYPOW, Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň kombaýnçysy: -Welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileriniň yhlasly zähmet çekip ýetişdirýän bereketli hasylyny öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnamak işine gatnaşmak maňa birnäçe ýyllardan bäri miýesser edip gelýär. Ýöne häzirki «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzyň bu möwsümi biziň üçin has-da ýakymly pursatlar bilen başlandy. Çünki biz golaýda hormatly Prezidentimiziň ak patasy […]

Isaguly Garabaýew

Isaguly GARABAÝEW, «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy: -Welaýatymyza iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýyladyşhanamyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy biziň ählimiz üçin guwançly waka boldy. Çünki bu milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde telekeçileri oba hojalyk pudagyna çekmek barada öňe süren teklibiniň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak ugrundaky aladalarymyza berlen ýokary bahany aňladýar. Belli bolşy […]

Ýürek sözi

Amanýaz BERDIÝEW, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň «Bossan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi: -Daýhançylyk halkymyzyň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan kesbi-kärleriniň biri. Pederlerimiz tarapyndan ol ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip we ösdürilip gelnipdir. Meniň özüm hem daýhan neslinden, atam-enem ykbalyny ene ýere baglap, rysgal-berekedi şondan tapan adamlar. Menem ata kesbine eýerip, örkümi topraga bagladym. Indi birnäçe ýyldan bäri ak […]

Sowadyjy ammarlar gurlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň — hususy düzümleriň tagallasy bilen Daşoguz welaýatynda dürli kuwwatlykly sowadyjy ammarlaryň ýene-de ikisini gurup, ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Olaryň birini — 350 tonna ir-iýmişleri we gök önümleri saklamaga niýetlenen sowadyjy ammary hususy telekeçi Sarybaý Hanbaýewiň ýolbaşçylyk edýän zähmet toparynyň hünärmenleri Ruhubelent etrabynda gurmagy meýilleşdirýärler. Şu maksatlar üçin 1,5 […]