Arzuw-umytlardan doly ýyl

Dekabr aýyna gadam basylmagy bilen adamlarda hereketlilik, işjeňlik we joşgun köpelýär. Ýanýodalara, köçeleriň ugruna, söwda merkezlerine yşyklar bilen bezeg berilýär, Täze ýyl arçalary ýalkym saçyp alyslardan lowurdap görünýär, hemmeler Täze ýyl mynasybetli öz ýakynlaryna aljak sowgatlarynyň ýakymly aladasy bilen gurşalýar. Her ýylyň 31-nji dekabr gijesini beýleki günlerden tapawutlandyrýan zat nämekä? Aslynda 31-nji dekabr hem adatdaky […]

Dünýä ýurtlarynyň baýramçylyk saçagy

Täze ýyl — arzuwlaryň baýramy. Bu baýramçylyk bütin dünýäde şatlyk-şowhun bilen garşy alynýar. Täze ýyl saçagynyň bezegine aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä ýurtlarynyň desterhan bezeýşi köpleriň ünsüni özüne çekýär. Hytaý halky Täze ýylda tagamlaryň dürli görnüşlerini taýýarlaýarlar. Olar tagamlaryň hersiniň bir manysy bar diýip ynanýarlar. Bu ýurtda Täze ýylda taýýarlanylýan kaştan — girdejini, bitin hem uly […]

Täze ýyl baýramçylyga bagyşlanan bäsleşik

Golaýda ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli  Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň, TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda bäsleşik geçirildi. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, ukyply, başarjaň zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde welaýatyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary öz aralarynda bäsleşdiler. Olar Aýazbabanyň we Garpamygyň keşbini ýerine ýetirmekde, şunuň bilen birlikde […]

Baýramçylyga bagyşlanan bäsleşik

Golaýda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Altyn ýol geňeşligindäki Dilewar oba medeniýet öýünde «Arkadagly Diýaryma hoş gelipsiň, Täze ýyl!» ady bilen welaýatyň etrap we şäher medeniýet  merkezleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ýokary ruhubelentlige eýe bolan bäsleşik geçirildi. Bäsleşigi Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi we TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti bilelikde guradylar. Bäsleşigiň üç şertine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar ukyp-başarnyklaryny […]

Ýüplük öndürijileriň sowgady

Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabrigi ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýatyndaky iň baýry kärhanalarynyň biri. Bu kärhanada işine höwesli ýaşlaryň ýüzlerçesi ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Bu ýerde işleriň dört çalşykda gije-gündizleýin bökdençsiz alnyp barylmagy bolsa, her iş gününi ýokary üstünliklere beslemeklige mümkinçilik berýär. Muny Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň geçen 11 aýynyň meýilnamasynyň […]

Arslanyň başarjaňlygy

Oba hojalyk pudagy üçin ýaş hünärmenleri taýýarlaýan Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň oba hojalyk işlerini doly özleşdirmekleri göz öňünde tutulyp, okuw sapaklary tejribe işleri bilen utgaşdyrylyp geçirilýär. Bu okuw jaýynda talyplaryň sport, döredijilik, aýdym-saz bilen meşgullanmaklaryna hem aýratyn üns berilýär. Talyplaryň diňe bir öz saýlap alan hünärlerini özleşdirmän, eýsem sport bilen meşgullanmaklary we […]

Talyplar bäsleşdiler

Şu gün Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň ýörite orta bilim berýän hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Baky Bitaraplyk daňy atany-Türkmenistan rowaçlygyň Watany” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigi TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň Daşoguz welaýaty boýunça wekilhanasy bilelikde guradylar. Her okuw jaýyndan 8 talyby jemleýän bir […]

Zerur başarnyklar synagdan geçirildi

Daşoguz  welaýat Raýat goranyşy we halas ediş müdirliginiň guramagynda welaýatyň önümçilik kärhanalarynyň sanitar toparlarynyň arasynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça bäsleşik geçirildi. Daşoguz şäherindäki 4-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde bolan bu bäsleşige toparlaryň ençemesi gatnaşdy. Belli bolşy ýaly, bäsleşigiň esasy maksady önümçilik kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlarda adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmekde zerur bolan ukyp-başarnyklary […]

Bitaraplyk – dillerde dessan

Golaýda Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramçylygyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. «Bitaraplyk dilde dessan Arkadagly Watanymda» diýen çeper şahyrana at bilen guralan toý şowhunly bu çärä welaýatyň zehinli, ylhamly şahyrlary gatnaşdylar. TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti bilen welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guran bu dabaraly maslahatynda baky Bitaraplygymyza, mukaddes Garaşsyzlygymyza, eziz Arkadagymyza […]