Terbiýe maşgaladan başlanýar

Türkmen halky gadym döwürlerden bäri maşgala, onuň berkligine uly üns berýär. «Maşgalam — baş galam» diýen nakylyň il arasynda häli-şindi ýörgünli ulanylmagy ýöne ýere däl. Sebäbi, halkymyz maşgalany daşynyň galasy, başynyň penasy hasaplaýar.
Maşgala jemgyýetiň ilkinji basgançagydyr. Ol jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Ýagny çaga terbiýesiniň ilkinji binýady maşgalada tutulýar. Her bir jemgyýetiň ahlak ýörelgesi, ýaşlaryň edep-ekramlylygy, olaryň öz Watanyna, halkyna bolan buýsanjy maşgala terbiýesi esasynda kemala gelýär.
Şonuň üçin hem, çaga terbiýe bermek meselesi ene-atanyň il-güniň öňündäki borjy hökmünde kesgitlenýär. Maşgalada goýulýan ilkinji binýat çaganyň terbiýesinde ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýip, jaýdar belläp geçýär. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde sagdyn, halal-päkize, ilhalar nesil ýetişýär.
Terbiýeçilik işi ululardan pähim-parasatlylygy, oýlanşyklylygy talap edýär. Maşgala terbiýesi ýaşlary taplaýar we kämillik ýoluna atarýar. Her bir jemgyýet, şol jemgyýetde ýaşaýan her bir adam milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmaga endik etmelidir. Bu asylly ýörelgeleri ynsan aňyna çagalykdan guýmak ata-babalarymyzyň terbiýeçilik mekdebiniň esasy talaplarynyň biridir. Muňa pederlerimiziň: «Çagany ýaşdan, edebi başdan» diýen dürdäne paýhasyndan dörän nakyldan hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Автор записи: admin