Telekeçilik — zenanlaryň durmuşynda

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanynda Işewür zenanlar merkezi hereket edip, ol eli işli, ukyp-başarnykly zenanlara goldaw bermek, olaryň durmuşda mynasyp ornuny tapmagyna ýardam etmek maksadyny nazarlaýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek baradaky syýasy başlangyç zenanlaryň durmuşyna hem uly täsirini ýetirýär.
Geçen ýylyň güýzünde Işewür zenanlar merkeziniň welaýatymyzda ýörite bölüminiň döredilmegi bilen, telekeçi zenanlaryň durmuşynda täze öwrülişik emele geldi. Iki ýüzden gowrak agzany özüne birleşdirýän bu bölüm ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işleri bilen meşgullanýan, şeýle hem aýratyn başarnykly zenanlary goldamagy, olary telekeçilik işine ugrukdyrmagy maksat edinýär.
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan çäkmen dokaýan, toý hyzmatlary bilen meşgullanýan, Gurbansoltan eje adyndaky etrapdan aýna-gapy ýasaýan, gurluşyk işlerini alyp barýan, Akdepe etrabyndan suwkädiden sowgatlyk önümleri ýasaýan, matadan gurjak tikýän, Görogly etrabyndan keteni dokaýan, Gubadag, Ruhubelent etraplaryndan haly dokaýan, Daşoguz şäherinden milli hem döwrebap biçüwdäki lybaslary tikýän telekeçi zenanlar ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda uly işleri alyp barýarlar.
Daşoguz şäherindäki «Bagtyýar eýýam» okuw merkeziniň «Ýylyň işewür okuw merkezi» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 3-nji orna eýe bolandygyny hem bellemeli. Merkezde rus, iňlis dilleri, matematika dersi boýunça okuwlar geçilýär. Üstümizdäki ýyly şygaryna laýyk dabaralandyrmak, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli, bu okuw merkezi, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde bäsleşik gurap, onda 1-nji orny eýelän mekdep okuwçylara saýlan ugry boýunça «Bagtyýar eýýam» okuw merkezinde bir möwsüm mugt okamaga mümkinçilik döredildi.

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован.