Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek boýunça bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ençeme möhüm wezipeler ýüze çykýar. Şol pudaklaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek zerur bolup durýar” diýip belledi.
Milli ykdysadyýetiň kämilleşmeginde, esasan hem, hususyýetçilere aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda hereket edýän maksatnamalaryň, hukuk resminamalarynyň agramly bölegi döwletiň ykdysady, medeni we durmuş ugurlarynda zähmet çekýän telekeçileri goldamak, ýeňillikli karz serişdeleri bilen üpjün etmek, olaryň işe höwesini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr.