Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrundaky «Derekli bag» diýlip atlandyrylýan bag-bakjaly meýdançada geçirilen baýramçylyk dabarasy uly şowhun-şagalaňa beslendi.
Baýramçylyk dabarasyna welaýatyň çäklerinde daşky gurşawy goramak boýunça iş alyp barýan döwlet edaralarynyň, meýletin guramalaryň wekilleri, işjeňleri, başga ugurlarda zähmet çekip, gözel tebigatymyzyň baýlaşdyrylmagyna, ekologiýamyzyň gowulandyrylmagyna goşant goşýan adamlar, il sylagly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar
Baýramçylyk çäresinde guralan, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda düýpli düşündiriş berilýän dermanlyk ösümlikleriň hem-de olardan öndürilen serişdeleriň, şeýle hem gözel tebigatymyzyň ajaýyp görnüşlerini şekillendirýän suratlaryň sergileri hemmeleriň ünsüni çekdi. Şeýle hem dabarada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini, ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri, tebigatymyzyň gözelligini wasp edip ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar ýygnananlara ruhy lezzet berdi, olaryň göwünlerini galkyndyrdy, parahat, bagtyýar döwrümize guwanç-buýsançlaryny artdyrdy.