Tebigat we terbiýe

«Tebigat — bu biziň öýümiz». Häzirki wagtda bu jümle durnukly söz düzümine öwrülip, bütin adamzat jemgyýetinde daşky gurşawa aýawly garamak ýaly ynsanperwer ýörelgeleri, düşünjeleri ündeýändigi bilen ähmiýetlidir. Tebigaty we onuň baýlyklary hasaplanýan janly-jandarlaryň, ösümlikleriň täsin dünýäsini goramak hem-de geljekki nesillere ýitgisiz ýetirmek asylly iş, şol bir wagtyň özünde derwaýys wezipe hasaplanýar. Adamlaryň, esasan hem, ýaş nesillerimiziň kalbynda, aňynda tebigata söýgi duýgusyny, ony aýawly saklamak, baýlyklaryndan ýerlikli we netijeli peýdalanmak medeniýetini kemala getirmek, bu ýörelgelere ygrarly bolmak endiklerini ösdürmek olaryň aň-düşünjelerine, durmuş medeniýetine we ahlak gymmatlyklaryna hem öz täsirini ýetirýär.
Çagalarda we ýetginjeklerde tebigata söýgi döretmek gözegçilik etmek we iş ýüzünde oňa gatnaşmak usullarynda ýola goýulýar. Tebigata gözegçilik etmek esasynda, çagalar daş-töweregini gurşap alan täsin ösümlik we haýwanat dünýäsinde bolup geçýän hadysalar barada giňişleýin maglumatlary özleşdirýärler. Olaryň aňynda tebigata dahyllylyk, özüniň hem tebigatyň bir bölegidigi hakynda ilkinji düşünjeler kemala gelýär.
Çagalarda we ýetginjeklerde tebigata bolan oňyn garaýyşlar, gözel Diýarymyza, onuň tebigy gözelliklerine söýgi döretmek işi çagalar baglarynda, umumybilim edaralarynda ýola goýulýar. Emma bu işiň ilkinji binýady çaganyň irki ösüş döwürlerinde, maşgala terbiýesinde goýulsa has talabalaýyk bolýandygy hakynda degişli hünärmenler belläp geçýärler. Ekologiýa terbiýesi çagalarda ynsanperwer düşünjeleriň, gözelligi duýmak endikleriniň kemala gelmegine hem ýardam berýär.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ählihalk ýowarlary ýaş nesillerimizde tebigata bolan oňyn garaýyşlary kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Halkymyzyň tebigaty goramak babatdaky garaýyşlarynyň örän gadymydygyndan habar berýän bu asylly işe ýaşlaryň hem işjeň gatnaşmagyny gazanmak örän wajypdyr. Bu ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek bilen bir hatarda, halkymyzyň milli ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilmeginde hem uly ähmiýete eýedir.

Автор записи: admin