Teatryň toý sowgady

Okamak, işlemek, döretmek, gurmak ýaly il bähbitli, döwlet ähmiýetli  işler bilen geçýän her bir günümiz bizi Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk şanly toýuna barha ýakynlaşdyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň hem ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iň şanly baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatly barmak bagtyýarlyk döwrümiziň agzybir, ruhubelent raýatlarynyň baş maksady. Şeýle asylly maksady hasyl etmek üçin çekilýän joşgunly hem döredijilikli zähmetiň asyl nusgasyny köp pudakly halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda görüp guwanmak, synlap lezzet almak mümkin.
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap medeniýet bölüminiň Halk teatrynyň döredijilik topary hem şeýle belent maksada gulluk edýän, ýylymyzyň iň şanly toýy bolan şöhratly Garaşsyzlyk baýramyny zähmet sowgatly garşylamagy maksat edýän toparlaryň biri. Bular hormatly Prezidentimiziň halka hyzmat etmekde, olara ruhy lezzet bermekde medeniýet işgärleriniň öňünde goýan belent wezipelerine jogap edip, döredijilikli, agzybirlikli zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler.
Çekilýän şeýle döredijilikli zähmet ýakynda özüniň datly miwesini berdi. Bu Halk teatrynyň ýurdymyzyň şanly toýy mynasybetli taýýarlan täze oýnunyň gözden geçirilişi boldy. «Ene süýdi» diýlip atlandyrylan, dört bölümden ybarat rowaýat-dramanyň üsti bilen teatryň zehinli artistleri müdimi hem mukaddes tema ýüzlenipdirler.Ýeri gelende ýatlap geçsek, bu halk teatry «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda TKA-nyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde yglan eden «Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary» atly döredijilik bäsleşiginde iň gowy sahna oýny üçin hormatly ikinji orna mynasyp bolupdy.
Hormatly Prezidentimiziň diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem ençemesiniň dillerine terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly çeper-publisistik kitaby esasynda sahnalaşdyrylan bu eseriň temasy okyjylara eýýam tanyş. Biziň her birimiz üçin iň eziz ynsan — ene hakyndaky täsirli hem çuňňur pähimi sahna sungatynyň üsti bilen tomaşaçylara hödürläp, halk teatrynyň agzalary örän wajyp hem haýyr-sogap iş edipdirler. Şunda eserdäki wakalary täsirli janlandyrmaga, şeýlelikde her bir ynsan üçin müdimi gudrat bolan enäniň mährem hem ýatdagalyjy çeper keşbini döretmekde döredijilik tagallalaryny siňdiren höwesjeň artistleriň birini beýlekisinden peslär ýaly däl. Şeýle-de bolsa, ilki bilen, şu ýerde oýny goýan režissýor Myrat Gurbanýazowyň adyny tutasyň gelýär. Sebäbi režissýor hem oýny sahnalaşdyrmakda, hem keşpleriň göwnejaý janlandyrylmagynda zehin hem zähmet baryny siňdiripdir. Şonuň üçin bolsa gerek, oýnuň dowamynda rowaýatçy hem dana goja Dädebaý Amanowyň söhbetlerine, Ogulnäzik Mämmettaganowanyň sahnada janlandyran enäniň keşbine, Oguldursun Gurbanowanyň döreden Tyllagözeliniň hereketlerine hem sözlerine çyn ýürekden ynanýarsyň. Oýnuň dowamynda çykyş edýän hyzmatkär ýigitleriň, Tyllagözeliň boýdaşlarynyň, köpçülikleýin sahnalarda çykyş edýänleriň zehin siňdiren keşplerini hem agzaman geçer ýaly däl. Garaz, sahnada janlandyrylan keşpler zalda oturan tomaşaçylary özleri bilen deň begenip, deň gyýylmagy başartdy. Şunda sahnany bezän suratkeş Gyzylgül Hanmedowanyň, saz bilen bezän Süleýman Seýidowyň çeken zähmetleri hem agzalmaga mynasyp.
Tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan bu drama eseri barada oýun tamamlanandan soň, özünde galan täsirler hakda işjeň söhbet edildi.
Çykyş edenler şanly toýa sowgat hökmünde taýýarlanan oýnuň özlerinde galdyran ýakymly täsirleri, bu sahna eseriniň has-da täsirli çykmagy üçin peýdaly pikir-garaýyşlaryny aýtdylar.

Автор записи: admin