Günleri aýlara, aýlary ýyllara sapyp barýan wagtyň ümzügi hemişe geljege tarap. Onuň hereketi, berekedi özünde. Bütin adamzadyň uly ruhubelentlik, ak arzuwlardyr ýagşy niýetler bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy bosagada. Nesip bolsa, sanlyja günlerden salamatlyk, ynam hem parahatlyk bilen täze — 2022-nji ýyly garşy alarys. Uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenen 2021-nji ýyl bagtyýar raýatlarymyzyň köňüllerinde ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolup galar. Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylýan ajaýyp ýyl ýurdumyza şan getiren wakalara, täsirli pursatlara baý bolmak bilen, taryhyň sahypalaryna zer harplarda ýazylyp, özüniň mynasyp ornuny eýelär. Bilşimiz ýaly, Täze ýyl baýramy hemmeleriň iň söýgüli baýramçylygy. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem geçirilýän dabaralaryň şowhuny degre-daşy gurşap aldy.
Aýdyň geljegimiziň eýeleri bolan körpeleriň Aýazbabadyr Garpamyga sabyrsyzlyk bilen garaşyp, olara köňüllerinde beslän arzuwly hatlaryny ýollamagy, dürli öwüşginli oýnawaçlar bilen birkemsiz bezelen arçanyň töwereginde goşgudyr aýdymlary aýdyp, el tutuşyp aýlanmaklary bu baýramçylygyň iň arzyly pursatlaryny özünde jemleýän özboluşly nyşanydyr. Bagtyýar çagalaryň ýylboýy garaşan Aýazbaba bilen Garpamygy alys ýurtlardan aşyp, ajaýyp bezelen paýtunynda Daşoguz topragynda ýerleşýän, türkmen halkynyň geçmiş taryhyna şaýatlyk edýän gadymy ýadygärliklere — Aşyk Aýdyň piriň aramgähine, Şasenem düzlügine, Köneürgenjiň taryhy ýadygärliklerine syn etmek bilen, bu ajaýyp görnüşlerden özboluşly lezzet aldylar. Şeýle-de Aýazbabadyr Garpamyk tamamlanyp barýan ýylymyzda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek bilelikde bellenilip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Daşoguz welaýat merkeziniň binasyna syn etdiler. Soňra olar Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaý toplumyna bardylar, bu ýerde körpelere Täze ýyl sowgatlaryny gowşurdylar. Şeýle owadan pursatlar körpelerde ýatdan çykmajak ajaýyp täsirleri galdyrdy. Bu ýerdäki dabaralardan göwünleri galkynan Aýazbabadyr Garpamyk ýörite niýetlenen ulaglarda çagalar bilen, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki daş-töwerege gözellik paýlap, öwşün atyp oturan welaýatyň Baş arçasynyň ýanyna geldiler.
Hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan Aýazbabadyr Garpamygy jadyly taýajygy bilen Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny dabaraly ýakdylar. Egsilmez joşguna, şatlyk-şowhuna beslenen pursatlar ýerine ýetirilen şirin owazly aýdym-sazlar, owadan tanslar bilen utgaşyp, bu ýere gelenleriň göwünlerini galkyndyrdy.