Täze önümçilik kärhanalary

Telekeçilik ulgamyna döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde, hususy önüm öndürijileriň öňünde täze taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikler açylýar. Muňa Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyndaky «Halyçy gözeller» hususy kärhanasynyň hünärmenleriniň sintetiki süýümden halylary dokaýan täze bölümiň gurluşygyna girişmegi hem şaýatlyk edýär.
Umumy meýdany 1 gektar ýeri eýeleýän binanyň taslamasynda esasy önümçilik bölümi, polipropilenden ýüplük sapagyny öndürýän bölüm göz öňünde tutulan. Bu bölümler täze ýöriteleşdirilen enjamlar hem-de taýýar önümleriň saklanylýan ammarlary bilen üpjün ediler. Binanyň çäginde beýleki kömekçi jaýlar hem ýerleşer. Täze önümçilikde ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalar ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň çykarylmagyna mümkinçilik döreder.
Şunuň ýaly täze önümçiligiň ýene biri — suw emulsiýaly reňk çykarýan kärhana Daşoguz şäherinde gurlup başlandy. Umumy meýdany bir gektara barabar bolan bu kärhanany «Galkynan ykbal» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri gurmaga girişdiler. Gurluşygyň taslamasynda önümçilik jaýlarynyň ikisini, taýýar önümler saklanylýan ammarlary, beýleki kömekçi jaýlary gurmak meýilleşdirilýär. Gurulýan täze kärhana iň kämil, ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün ediler.

Автор записи: admin