Täze obalaryň döwrebap mümkinçilikleri

BMG-ä agza döwletleriň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin kabul eden şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny we ekologik durnuklylygyny üpjün etmek boýunça Durnukly ösüş maksatlaryny Türkmenistanda amala aşyrmakda zerur çäreler geçirilýär. Milli Liderimiziň sebitleýin syýasaty ýurduň durnukly ösüş ýörelgeleriniň wajyp ugry bolup çykyş edýär. Bu sebitleýin syýasat welaýatlary ösdürmekde oňyn şertleri döredýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ilat üçin ýokary hilli durmuş derejesi üpjün edilýär. Halkyň hal-ýagdaýy gün-günden gowulanýar. Şonuň üçin sebitleýin syýasatda ilatyň zähmet üpjünçiligini ýokarlandyrmak we durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň deňinde goýulýar.
Şu nukdaýnazardan, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da özgerýär.
Ýurdumyzda durmuş, medeni, saglyk maksatly desgalary mundan beýläk-de gurmak, ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça işler batly depginlerde dowam edýär. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, obalardyr şäherçeler bina edilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda welaýatymyzda döwrebap obalar, täze etraplar döredildi. Şeýle döwrebap obalaryň, şäherçeleriň sanynyň artmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna şert döredýär.

Автор записи: admin