Täze kärhana ösüş ýolunda

Daşoguz şäherinde ýerleşýän zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhana 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda girişildi. Şeýlelikde, kärhana geçen döwrüň dowamynda amala aşyrylan guramaçylykly işleriň netijesinde öz öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünliklere eýe boldy. Bu bolsa häzirki wagtda onuň welaýatymyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň hataryna goşulmagyna şert döretdi.
Adyndan görnüşi ýaly, bu kärhana ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary üçin zerur bolan sargy serişdelerini, beýleki lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça iş alyp barýar. Onuň taslama kuwwaty ýylda şeýle önümleriň 13 million gabyny öndürip, olary bellenilen ýerlere ugratmakdan ybaratdyr. Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda we ilat arasynda olara bildirilýän islegiň doly derejede kanagatlandyrylmagyna uly goşant bolup durýar.
Häzirki döwürde kärhanada şeýle önümleriň 10-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Olar, esasan, dürli ölçeglerdäki hasalar, gips sargy hasalary, goşarlyklar, tirseklikler, dyzlyklar, ýelimli we sanjym plastyrlary, maýyşgak sargy serişdeleri, bir gezek ulanylýan desmallar we beýlekilerdir. Ýaňy-ýakynda bolsa bu ýerde lukmançylyk hasasyndan taýýarlanylan bäş gatly örtükleri, dokalmadyk matadan edilen bir gezeklik gorag eşiklerini, şeýle-de bir gezeklik hirurgiýa halatlaryny öndürmek hem ýola goýuldy.
Kärhanada şeýle önümleri öndürmekde Germaniýada, Italiýada, ABŞ-da, Şweýsariýada, Ýaponiýada, Fransiýada, Türkiýede hereket edýän belli kompaniýalaryň ýokary tehnologiýaly enjamlarynyň güýjünden peýdalanylýar. Ýeri gelende aýtsak, olar örän öndürijililigi we takyk işleýşi bilen tapawutlanýar. Meselem, Italiýanyň “Stalam” kompaniýasynda öndürilen enjam ýüplükleri kelepden aýyrman guratmaga mümkinçilik berýär we onuň kuwwaty ýylda 3 million kelep sargy serişdesini guratmaga ýetýär. Germaniýada öndürilen enjam bolsa taýýarlanylan ýüplükleri agartmak üçin ulanylýar we onuň hem ýylda 3 million sargy serişdesini agartmaga mümkinçiligi bar.
Häzirki wagtda bu ýerde 4 sany, ýagny agardyjy, gips, dokmaçylyk, leýkoplastyr we bint bölümleri hereket etmek bilen, olarda 100-den gowrak adam zähmet çekýär. Olaryň aglabasynyň ýaşlardan ybaratdyr.
2021-nji ýylda kärhana boýunça jemi 2 million 177 362 sany sargy serişdesini, başgaça aýdylanda, 10 million 250 000 manatlyk önüm öndürmek wezipesi öňde goýlupdyr. Häzirki wagta çenli bu ýerde aýlyk we çärýeklik meýilnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilip gelinmegi bellenilen sepgitleriň eýelenilmeginiň doly üpjün ediljekdigini görkezýär.

Автор записи: admin