Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäherinde gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Şonda ol bu toplumyň asman bilen zemin arasyndaky beýik ýadygärlik bolmalydygyny nygtady. Magtymguly diňe öz döwrüniň däl, ähli döwrüň, diňe bir halkyň däl, eýsem bütin adamzadyň akyldar şahyry. Onuň öňe süren ynsanperwer ideýalary asyrlaryň içinden geçip, halkymyz üçin asyl nusga, düýp ýörelge bolup hyzmat edýär. Şekspir, Baýron, Gýote, Puşkin, Şiller, Saady, Hafyz, Firdöwsi, Haýýam, Nowaýy, Jamy, Rumy ýaly dünýäniň meşhur şahsyýetleriniň eserleri deý, beýik akyldar Pyragynyň ynsanperwerlige, çuňňur ahlaklylyga ýugrulan şygyrlary dünýä çykyp, adamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Magtymguly dünýä edebiýatynyň görnükli şahyry hökmünde tanalýar. «Turgul diýdiler» atly goşgusynda beýan edişi ýaly, ol Arşda-kürsde näme bolsa görüp bilen, ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşan, Hakdan berlen ylahy zehinli şahyrdyr. Ol öz eserleriniň könelmän, ýitmän, asyrlar geçdigiçe barha röwşenlenip, nur saçjakdygyny öňdengörüjilik bilen bilip:
Magtymguly diýip adym tutsalar,
Gören göz jort atar eşiden gulaga —
diýýär.
Biziň gadymy halkymyz diňe ahalteke bedewleri, halysy bilen däl, eýsem öz beýik akyldar şahyry bilen hem meşhurdyr. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde öňe sürýän taglymaty agzybirlikdir, bitewülikdir, jebislikdir, döwletlilikdir. Ol atasy Döwletmämmet Azadynyň özbaşdak döwlet, bir bitewi millet bolup ýaşamak baradaky ideýasyny ösdüren, öňe süren şahyrdyr. «Berkarar döwlet islärin» diýen şahyryň köňlünde dömen kelamy hasyl boldy. Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatyň dabaralanýan döwründe Magtymguly Pyragynyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän türkmen döwletiniň garaşsyzlygy, özbaşdaklygy, berkararlygy, Watana bolan söýgi, päk ahlaklylyk, mertlik, gahrymançylyk, zähmetsöýerlik, salykatlylyk, edep-ekram, ýaşlaryň terbiýesi, adat-kadalara hormat goýmak ýaly duýgular ýüreklerimize täzeçe şugla saçýar.
Akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk dabarasynyň giňden belleniljek 2024-nji ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren teklibi bagtyýar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň geljek ýylda açylmagy giň gerimli dabaralara özboluşly badalga bolar.