Ýetip geldi «Soňky jaň»,
Diýýäs saňa: «Hoş mekdep!».
Keşbiň galar gözlerde,
Mysaly ak guş mekdep.
Mekdebim, ojagy sen
Terbiýäniň, bilimiň.
Kalplaryň keşdesi sen,
Senasysyň dilimiň.
Ýene geler durarys,
Ýatlap mekdep ýyllarmyz.
Sag boluň, mugallymlar,
Dert görmesin ellerňiz!
Biziň üçin nusgalyk
Görelde siz, mekdebim.
Beren bilim-terbiýäň
Ýörelgedir, mekdebim!
Synlaň, uçurymlarňyz
Has hem bagtly görünýär.
Ýüreklerde müdim
Keşbiňize orun bar.