Ýaz möwsüminiň iň datly miweleriniň biri şetdalydyr. Onuň miweleri adam bedenine ýaramly bolan dürli witaminleriň köp mukdaryny özünde saklaýar.
Şetdaly aşgazan-içege kesellerinde, ýürek-damar kesellerinde giňden ulanylypdyr. Şetdaly iç ýumşadyjy, ýara bitiriji, gakylyk gopduryjy, peşew çykaryjy serişde hökmünde giňden peýdalanylýar. Kaliý elementiniň düzüminde bol bolmagy sebäpli, ol ýürek kesellerinde ulanylanda has-da peýdaly.
Şetdalynyň şiresi ýürek-damar kesellerinde örän peýdalydyr. Aşa semizlikde şetdalynyň şekersiz şiresini içseň gowy netijeleri berýär.
Şetdalynyň ýapragyndan gaýnadylan demleme guragyry, kellagyry, käbir aşgazan-içege kesellerini bejermekde haýry köpdür.