Senetçilik ýoly dowam edýär

Maşat aganyň nebereleri Üstýurt gyrynyň üstünde howalanyp oturan Döwkesen galasynyň golaýyndaky adybir Döwkesen obasynda uly bir syrgyn bolup otyrdy. Ogulnabat nesil daragty şaha ýaýradan şol döwletli maşgala körpe gelin bolup düşdi. Tizdenem ol çarwa obasynyň durmuşyna uýgunlaşyp, gelen öýüniň asylly maşgala däplerine eýerip, oňa alaçaly ýag ýaly siňişip gitdi.
Döwkesen obasynyň gelin-gyzlary el işleriniň ähli görnüşinem edýändirler weli, olar aýratyn hem nepis dokalan, ýüzükden geçme diýdirýän inçe çäkmenleri bilen tanalýarlar. Bu obada çäkmen dokamak, tikmek işini nesilme-nesil dowam etdirip gelýän maşgalalar az däl. Ogulnabadyň gelin bolup düşen ýeri hem çäkmen dokamagy arkama-arka dowam edip gelýän eken. Onuň gaýyn enesi eli çeper, dili şeker, nurana ýüzli juda mähriban enedi. Sapargül ejäni şu ajaýyp häsiýetleri üçin diňe maşgalasyndakylar däl, tutuş oba adamlary hormatlaýardylar. Onuň gyz-gelinlerine el işlerini öwredip, asylly tälim-terbiýe berşi hemmeler üçin görelde alarlykdy.
Dogry, Ogulnabat birbada ýaýdanmanam durmady. Çünki ol öňler tikin tikip, keşde gaýap, haly dokap ýörenem bolsa, çäkmen dokamak we tikmek onuň gören işi däldi. Ýöne Sapargül eje hiç hili ýaýdanjaňlyga ýol goýmady. Ol mundan öň dört gelnine, bäş gyzyna bu senediň inçe tilsimlerini ilik-düwme öwredipdi. Ogulnabadyň aşa yhlaslylygyndan boldumy ýa-da ozaldan eli çeperligindenmi, garaz, eden işi eline gelşip, işi ugrugyp gidiberdi. Basym gaýyn enesi ýüňi taýýarlap, çäkmenlik matany dokamagy we tikmegi onuň özüne ynandy.
Bu günki gün Ogulnabadyň özi birtopar gelin-gyzyň halypasy. Ol bize-de gelin-gyzlaryň gadymdan dowam edip gelýän inçe el senedi barada gyzykly maglumatlary aýtdy.
Çäkmenlik mata uzak döwürlerden bäri tara usulynda gylyç bilen kakylyp dokalýar. Bir çäkmen dokamak üçin bäş kilogram çemesi düýe ýüňüni almaly. Düýe ýüňüne hiç hili reňk berilmeýär. Ol özüniň tebigy reňkini hiç wagt ýitirmeýär. Arwananyň, torumyň, maýanyň ýüňleri biri-birine meňzemeýär. Arwana torumyň ýüňi çäkmen üçin has gowy bolýar. Sebäbi ol çäkmen dokamaga oňaýly, ýumşak gelýär. Çäkmenlik ýüň saýylyp daralandan soň, ondan ýigrimi bäş ik ýüplük çykýar. Onuň ýigrimi igi eriş hyzmatynda ulanylyp ýüwürdilýär. Bäş ik ýüplük bolsa argaç hökmünde kakylýar. Şonda taranyň umumy uzynlygy on bir metre, ini ýigrimi santimetre barabar bolýar. Düýe ýüňünden edilen çäkmenler ýüňüň reňkine görä atlandyrylýar. Ak düýäniň ýüňünden bolan çäkmene agar çäkmen diýilýär. Mele, hurmaýy reňkli çäkmenler hem bolýar. Olar erişlik we argaçlyk ýüplükleriniň inçeligi, dokalyşynyň syklygy sebäpli inçe çäkmen diýlip atlandyrylýar. Çäkmenler adamy yssydan, sowukdan, ygaldan goraýar. Düýe ýüňünden taýýarlanan çäkmenler adam saglygy üçin örän peýdalydyr.
Biz beren gürrüňleri üçin hoşallyk bildirip ugramakçy bolanymyzda, Ogulnabat biraz eglenmegimizi haýyş etdi we düýpdäki otaglaryň birinden gaty nepis dokalan çäkmeni alyp çykdy.
— Bu meniň garry gaýyn atamyň geýen çäkmeni. Munuň dokalanyna azyndan ýüz ýyl bolandyr. Ony gaýyn enemiň gaýyn enesi dokapdyr. Bu çäkmen gaýyn enemden maňa geçdi. Munuň çaluwlary, parawuzy könedigini bildiräýmese, matasynyň bir asyr öň dokalandygyna ynanmarsyňyz. Görýän bolsaňyz, juda inçe ýüplükden nepis dokalan çäkmeniň matasy täze ýaly öwşün atyp durandyr. Düýe ýüňünden edilen çäkmenler hiç wagt könelmeýärler. Biz bu çäkmeni mukaddeslik hökmünde aýap saklaýarys. Wesýet boýunça biz hem ony nesillerimize geçirmeli.
Biz bu gadymy gymmatlyga haýran bolup oturşymyza, ene-mamalarymyzyň gadymy hem müdimi el senediniň sarpasynyň şeýle belent saklanylýandygyna, nesiller tarapyndan bu günki gün Maşat aganyň gelinleri, gyzlary, agtyklary üstünden asyr geçiren bu gadymy gymmatlykdan nusga alyp, inçe el senedini mynasyp dowam etdirýärler.
Ogulnabat Ozdukowa häzir Daşoguz welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Şamahy geňeşliginiň Gyradegen obasynda ýaşaýar. Onuň ýanýoldaşy Baýnazar alyn derini ýere siňdirip, toprakdan rysgal, bereket tapan daýhan ýigit. Bu bagtyýar maşgalada arkama-arka dowam edip gelýän hem çarwaçylyk, hem ekerançylyk däpleri bilen bilelikde, nusgalyk gadymy çäkmen hem gözüň göreji deýin goralyp saklanylýar.

Автор записи: admin