“Senagatçylaryň we telekeçiligiň birleşmesi” hakynda Türkmenistanyň kanunynyň (rejelenen görnüşi) mazmunyny okuwçylara düşündirmegiň usullary

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly  Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap Watanmyzyň ynsanperwer-ykdysady özgertmeleriniň amala aşyrylmagyna, ylym, bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarylmagyna we ýurdumyzyň intellektual kuwatlylygynyň berkidilmegine, ilatyň bilim derejesiniň barha ýokarlandyrylmagyna hem-de ýaş nesliň mynasyp terbiýelenip ýetişdirilmegine gönükdirilendir.
Senagatçylaryň we telekeçileriň, umuman, ýurdumyzyň ykdysady, medeni-durmuş ulgamlary ýokary depgin bilen ösýär.  Bu ösüşiň binýatlyk esasy bolan ylym-bilimde hem düýpli özgerşikler amala aşyrylýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde, ata Watanmyzyň gülläp ösmegi tagallalaryndan egsilmez ylham we güýç alýan halkymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly-uly sepgitlere ýetýär.
Garaşsys, baky Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň maksady ýurdy döwrebaplaşdyrmakdan, halkyň eşretli ýaşaýyş durmuşynyň, abadançylygynyň hemme tarapdan kämilligini üpjün etmekden ybaratdyr. Hiç bir babatda dünýä swilizäsiýasyndan üzňe bolmazlyk, ýurdy, her bir pudagy, zähmetkeşler toparyny, maşgalany parahatçylygyň, sahabatlylygyň, adalatyň we ynsanperwerligiň ýoly bilen ösüşiň yäze belentliklerine, maksadaokgunly alyp gitmek gahryman Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli oňyn başlangyçlarynyň gözbaşynda goýlandyr.
Häziki döwürde Türkmeniň ykdysadyýetinde iri, orta we kiçi kärhanalar bilen bir hatarda, maşgala we ýekebara zähmete esaslanyp telekeçilik işleri alnyp barlýar. Harmatly Arkadagymyzy alyp barýan şeýle asylly we bähbitli işlerininiň many-mazmunyny okuwçylara düşündirmegiň uly ähmiýeti bardyr. Munu üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikler döredip berýär.

Автор записи: admin