Sanly bilim ulgamynyň ösüşli menzilleri

Häzirki wagtda bilim-terbiýeçilik edaralarynda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň ikinji tapgyry üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maglumat toruny döretmek, elektron okuw žurnallaryny bir ulgama birikdirip, mekdepde içki gözegçiligi amala aşyrmak ýaly işler kompýuter tehnologiýalarynyň ösen häzirki döwründe üstünlikli ýerine ýetirilýär. Okuwçylaryň ata-eneleri bilen mekdep mugallymlarynyň arabaglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen, elektron gündelik programmasynyň işlenip düzülmegi bilim bermek işini guramakda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolar. Okuw kitaplarynyň we çeper edebiýatlaryň esasynda ýörite prezentasiýalaryň taýýarlanylmagy, wideoýazgylar toplumlarynyň elýeterli bolmagy sapagyň terbiýeçilik ähmiýetiniň artmagyna ýardam edýär. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler biziň her birimizi yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Автор записи: admin