Sanly bilim — döwrüň talaby

«Ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil kemala gelýär. Bilşimiz ýaly, taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyz ylymdan üzňe ýaşamandyr.
Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Şonuň bilen birlikde, olar adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýärler» diýip, hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysadyýet ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy.
Döwrebap bilim bermek häzirki zaman tehniki serişdeleri, tehnologiýalary ulanmak bilen amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýaşlaryň bilimini artdyrmaga bolan höwesiniň, başarnygynyň, bäsleşige mynasyp häsiýetleriniň emele gelmegine amatly täsirini ýetirýär. Dünýä ýüzünde bolup geçýän sport täzelikleri bilen tanyşmak, ders, zehin bäsleşiklerine, ylmy gurnaklara gatnaşmak ýaşlarda döwrebap bilimi, başarnygy talap edýär.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy, bilim işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, häzirki döwrüň kämil bilimli hünärmenleri ýetişdirmek wezipesini çözmek meseleleri netijeli häsiýete eýe bolýar. Türkmen oba hojalyk institutynda oba hojalygynda üznüksiz önümçiligi ýola goýmak üçin zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak wezipesi üstünlikli amala aşyrylýar.
Bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, mazmunyny baýlaşdyrmak, ruhy gymmatlyklarymyzy, milli terbiýäni hem-de ylmyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak giň gerimli bilim özgertmeleriniň esasy ugrudyr. Türkmen oba hojalyk institutynda bilim bermek, institutyň saýtyny döretmek we onda okuw, iş maksatnamalaryny hem-de gollanmalary, kitaplary ýerleşdirmek bilen amala aşyrylýar. Talyplara hödürlenýän ýyllyk işleriň, diplom taslamalarynyň temalary we mysaly soraglar bu saýtda ýerleşdirilýär. Talyplaryň özbaşdak ýerine ýetirmeli ýumuşlary, goýulýan barlag soraglar, olary ýerine ýetirmek boýunça nusga mysallaryň özleşdirilişi, meseleleriň çözülişi talyplaryň üznüksiz bilim almaklaryny üpjün edýär.
Ylmyň we tehnikanyň üstünliklerine, iň oňat dünýä tejribelerine esaslanýan sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň dürli künjünde gaýtadan işleýän kärhanalar, döwrebap enjamlar ornaşdyrylan önümçilikler, ýyladyşhanalar we maldarçylyk toplumlary döredilýär. Daýhanlarymyz üçin dünýäniň has kämil oba hojalyk tehnikalary we gurallary satyn alynýar. Oba hojalyk ylymlaryny ösdürmek, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hem köp işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa daýhanyň zähmetini ýeňilleşdirmäge, ýerden alynýan hasyly artdyrmaga, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge ýardam berýär.

Автор записи: admin