Aşgabatda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk, aragatnaşyk saklamaga isleg bildirýänleriň sanynyň-da barha artýandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Munuň özi bu Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dünýä ýüzünde abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygynyň alamatydyr. Häzir ýurdumyzda dünýä derejelerine laýyk gelýän atçylyk-sport toplumlary gurlup, ol welaýatlarymyzyň iň bir buýsançly ýerleriniň birine öwrüldi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde bina edilen bu ajaýyp Halkara atçylyk-sport toplumy belent başly gojaman Köpetdagyň etegine özboluşly bezeg berýär. Dünýä ülňüle rine gabat gelýän, iň kämil tehnologiýalary bolan bu toplumda atçylyk boýunça dürli ýaryşlary geçirmäge amatly şertler döredilendir. 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedyň tagallalarynyň netijesinde atly sportyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi türkmen atlarynyň atly sportda şöhrat gazanjak günleriniň täze taryhy sahypasyny açdy. Atçylyk sporty barada aýtsak, gadymy türkmen topragynda ýörgünli bolan at üstündäki milli oýunlar, häzirki döwrüň birnäçe atly ýaryşlarynyň, dabaralarynyň we şüweleňleriniň esasyny döredýär. Bularyň örän ýörgünli bolmagynyň sebäbi, gadymylygy, halkymyzyň gündelik durmuşyna ýakynlygy we her ýaşdaky atçylyk sportunuň janköýerleri üçin elýeterliligi bilen düşündirip bolar. Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, atçylyk sportynyň köp görnüşi gaýtadan dikeldi, şol bir wagtyň özünde olimpiýa sport görnüşi bilen at bilen päsgelçilikden böküp geçmek uly ösüşlere eýe boldy.
Похожие записи '
11 Мар
Weterinar lukmançylygy ulgamynda sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti
Tehnologiýanyň hem-de sanly ulgamyň giňden ýaýbaňlaşdyrylmagy lukmançylyk pudagyna hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär....
09 Мар
Prezident saýlawlary üçin görlen taýýarlyklar: saýlawlar giňden halka ýetiriler
Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet...
07 Мар
Türkmen itleriniň häsiýetleri
Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň...
05 Мар
SAGDYN BOLUŇ-SAGLYK BAGTLY DURMUŞYŇ GÖZBAŞYDYR.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykaryldy....