Häzirki wagtda hereket edýän «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini berkitmäge täsir edýän gural bolup çykyş edýär.
Ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzda elektron resminama dolanyşygyny işe girizmek ugrunda bellenilen işler giň gerim bilen alnyp barylýar. Kanuna bu babatdaky işleriň has-da ilerlemegine ýardam etjek kadalaryň girizilmegi häzirki döwrüň talaplaryna doly gabat gelýär. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunynyň 2-nji maddasyna salgyt hukuk gatnaşyklarynda zerur bolan resminamalaryň dolanyşygynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde elektron resminama görnüşinde amala aşyrylyp bilinýändigi barada ýörite böleginiň goşulmagy döwrebap goşmaçalaryň biri boldy.
Şeýle-de, kanunyň goşulan baha üçin salgyt ýeňilligi bellenen 106-njy maddasynyň 2-nji böleginiň kadalaryna laýyklykda, goşulan baha üçin salgydy tölemeýän taraplaryň hataryna işgärleriniň umumy sanynyň azyndan 70 göterimi maýyplygy bolan adamlar bolan we azyndan 20 sany maýyplygy bolan adam işleýän, esaslyk maýasy dolulygyna maýyplaryň jemgyýetçilik birleşiklerine degişli bolan maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň kärhanalary hem degişli edildi. Bu agzalan kärhanalar goşulan baha üçin salgydy tölemekden boşadylmak bilen bir hatarda, şu kanunyň 170-nji maddasynyň birinji bölegine goşulan goşmaça tesimiň kadasyna laýyklykda, edara görnüşli taraplaryň peýdasyndan alynýan salgydy tölemekden hem doly boşadylýar. Ýokarda agzalan taraplara berlen salgyt ýüküniň peselmegi babatyndaky ýeňillik olaryň belli bir derejede döwlet tarapyndan goldanylýandygyna güwä geçýär.
Salgyt kanunçylygynyň 172-nji maddasynyň 1-nji böleginiň kadasynda bellenen edara görnüşli taraplaryň peýdasyndan alynýan salgyt möçberleri bellenilendir. Peýdadan alynýan salgydyň 8 göterim möçberi degişli bolmaýan taraplaryň hataryna «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, iş geçirýän taraplar bilen bir hatarda, goşmaça döwlet eýeçiligindäki ätiýaçlandyryş guramalary we karz edaralary goşulandyr. Döwlet eýeçiligindäki ätiýaçlandyryş guramalary we karz edaralary üçin peýdadan alynýan salgydyň 50 göterim möçberdedigi barada goşmaça tesim bilen üsti ýetirilýär.
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunynyň 129-njy maddasynyň birinji böleginde Türkmenistanyň çäginde gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (ýerasty suwlar muňa degişli däldir), şol sanda himiki elementleri we birleşmeleri gazyp çykarmagy amala aşyrýan edara görnüşli taraplaryň we şahsy taraplaryň — hususy telekeçileriň ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy töleýjiler bolup durýandygy bellenendir. Bu üýtgetmäniň girizilmegi bilen, edara görnüşli taraplaryň we şahsy taraplaryň – hususy telekeçileriň ýerasty suwlardan peýdalanylanda ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň töleýjisi bolup durmaýandygy hem bellenilip geçilýär.