Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýymyz aýlardan nurana, ýylymyz ýyllardan ýalkymly gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp atlandyrylan üstümizdäki ýylda aýgytly ädimler, ynamly gadamlar bilen gelýän günleriň her biri, onuň her bir pursady tükenmez tarypa, kalbyňy keşdeläp çykýan owazly aýdymlara mynasyp.
Egsilmez gujur-gaýrat, öň görülmedik ýokary ruhubelentlik bilen aýak basan ýylymyz hyýal belentligimizi hakykata öwrüp, bizi arzuwlarymyzdaky ýokary sepgitlere tarap öňe alyp barýar. Köp pudakly hem köp öwüşginli berkarar döwletimiziň haýsy ugruna, ulgamyna göz aýlasaň-da, toýlarymyzyň täji, baýramlar başy hasaplanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna gazanylýan ýeňişleri, taýýarlanylýan toý sowgatlaryny görmek bolýar.
Şeýle ýeňişli ädimler bilen ynamly öňe barýan watandaşlarymyzyň arasynda medeniýet ulgamynyň işgärleri hem bar. Ýeri gelende ýatlap geçsek, toý-baýramlara baý Diýarymyzda gazanylýan zähmet üstünliklerinde bu ulgamyň işgärleriniň aýratyn paýynyň bardygy mese-mälim görünýär. Muny diýmegimiziň hem öz sebäbi, ýeterlik esasy bar. Şolaryň birinjisi halkymyzyň ýalkymly hem älem ýaly giň, nurana kalbyna deňelýän milli medeniýetimizi döwrüň bildirýän belentliklerine çykarmakda bu ulgamyň işgärleriniň çekýän döredijilikli hem dowamly zähmetidir.
Ikinji bir esasly sebäbi, adamzat bilen bile bina bolan aýdym-saz biziň haýsy ýerde, kärde işleýänligimize, ýaş tapawudyna garamazdan, her birimiziň hemişelik hemramyz. Şonuň üçinem «Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy» diýilýär. Indi, jemläp aýdanymyzda, adamlaryň göwün syrdaşy bolmagy başarýan medeniýet işgärleri olary öz çeper sungaty bilen hemişe uly üstünliklere ruhlandyryp, beýik ýeňişlere atarýarlar.
Gazanylýan zähmet ýeňişlerinden, ýetilýän belent sepgitlerden mynasyp paýly medeniýet işgärleri Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda hem az däl. Etrabyň medeniýet merkeziniň «Şähribossan» atly folklor tans topary hem şolaryň biridir. Milletimiziň kalbynyň owazyna, diliniň senasyna öwrülen milli medeni-ruhy mirasymyzy toplamakda, olary döwrebap çeperleşdirip, köpçülige hödürlemekde, şeýdibem, zähmet toparlarynda we her bir raýatda maksada okgunlylygy, Watana, il-güne, mähriban Prezidentimize wepalylygy kemala getirmekde we ösdürmekde bu toparyň baý iş tejribesi we il içinde mynasyp abraýy bar.
Tutuş älemi owaza eýläp, dünýäni toýa besläp gelýän mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli «Şähribossanyň» tutumy has uludan. Oňa biz golaýda bu aýdym-sazly, çeper tansly toparyň şu günlerki alyp barýan işleri bilen tanyş bolanymyzda göz ýetirdik. «Garaşsyzlyk, gadamlaryňa gül bitýär» diýen şahyrana at bilen taýýarlanýan milli folklor tans toparynyň çykyşlaryny diňläniňde, tomaşa edeniňde, özüňi hut şolaryň arasynda ýaly duýýarsyň. Şeýle bolmazça-da däl. Garagumuň giň sährasynyň al-ýaşyl öwsüp görünýän goly, onda çopan goşy, agyp-dönüp ýören goýun sürüsi, çopanyň alabaýy, sähra güllerinden tirip ýören oglan-gyzlaryň aýdyşyklary… bularyň ählisi ünsüňi çekiji, jadylaýjy, özüne imrindiriji şekilde görünýär. Bagşylaryň dessanlardan parçalary aýdyşlary, ylaýta-da «Garaşsyzlyk» dessany has-da joşgunlylygy bilen tapawutlanýar.
Älem-jahany adyna aşyk edip gelýän Garaşsyzlyk toýunyň waspy eseriň dowamynda ýaş ýigitler bilen gyzlaryň joşgunly aýdyşyklarynda, öleňlerde, çeper sanawaçlarda has hem göçgünli ýaňlanýar. Gözüňe hem göwnüňe tutuş gözellige, söýgä hem hyjuw-höwese beslenip gelýän dünýä pany diýilse-de, şu pursatlarda ondan ganyp doýar ýaly däl.
Toý-dabalara beslenip gelýän Diýarymyzyň şanly senelerini, çuň mazmunly, köp öwüşginli tutumly çäreleri ýörite taýýarlanan aýdymly, tansly folklor çykyşlary bilen birkemsiz bezeýän «Şähribossanyň» il içinde at-abraýy uly. Bu adygan toparyň guramaçy ýolbaşçysy Gülnabat Jumaýewadan başlap, döredijilikli işlemegi başarýan her bir agzasynyň milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlyklaryny ýüze çykarmakda, çuňňur öwrenmekde, köpçülige wagyz etmekde, şeýlelikde, eziz Arkadagymyza, Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza söýgini äleme ýaýmakda alyp barýan köptaraply işleri ýokary guramalar tarapyndan ýörite Diplomlara, Hormat hatlaryna birnäçe gezek mynasyp bolupdyr. Bu toparyň ykrar edilen iň ýokary sylagy olaryň her bir çykyşyna tomaşaçylaryň çyn ýürekden çykýan hoşallyk sözleri bilen şowhunly el çarpyşmalarydyr.
«Şähribossanyň» ussatlary öz çeper çykyşlary bilen durmuşyň tagamyny, älemiň gözelligini öňküden-de artdyrýarlar. Şeýle pursatlarda bagtyýar döwri, eşretli ýaşaýşy beren, parahatçylyga we ynanyşmaga dünýä derejesinde giň ýollar açýan eziz Arkadagymyza alkyşly sözler kalbyňdan çykýar.