Geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XII jildiniň bagtyýar halkymyza gowuşmagy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp sowgat boldy. Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsi, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgeleri bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen täze ylmy iş soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň diline terjime edilmegi arkaly öwrenmek mümkinçiligi bolan köp sanly daşary ýurtlaryň hünärmenleri üçin fitoterapiýa boýunça ähmiýetli gollanma öwrüldi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli güneşli Diýarymyzda «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara forumynyň geçirilmegi eziz Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten beýik derejesini açyk-aýdyň görkezýär. Munuň özi Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň, ilkinji nobatda, dürli görnüşli keselleriň öňüni almaga, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendigini, dünýäniň lukmançylyk jemgyýeti, BSGG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli amal edilýändigini alamatlandyrýar.
Ýeri gelende, Bitarap ýurdumyzyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda umumy wehimlere garşy durmakda utgaşykly, özara ylalaşykly jogaplary işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň esasy meýdançasy bolup durýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Muny ýakynda sanly ulgam arkaly BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşy aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Milli Liderimiz öz işiniň köpdügine garamazdan, sport bilen meşgullanmaga hemişe wagt tapýar. Sportuň welosipedli ýöriş, Gündogaryň başa-baş göreşiniň dürli görnüşleri, milli göreş, awtoralli, atçylyk sporty ýaly dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy ýaşlarymyza nusgalyk göreldedir.