Ýiti respirator kesel tiz ýokaşýan kesel görnüşidir. Ol gürleşilende, üsgürilende, asgyrylanda bir adamdan beýleki adama howa-damja ýoly bilen geçip bilýär. Kesel birden bedeniň gyzgynynyň galmagy, üşütme bilen başlaýar. Şeýle bolanda ulular işe ýa-da çagalar okuwa gatnamakdan saklanmalydyrlar, sebäbi olaryň keseli beýleki sagdyn adamlara ýaýratmaklary mümkin. Kesele üns berilmän, aýak üstünde geçirilende, ol öýken sowuklamasy, radikulitler, gaýmoritler, gulagyň sowuklama keselleri ýaly gaýraüzülmelere getirip biler.
Ýiti respirator keselleriň ýokaşmazlygy üçin:
— arassaçylyk düzgünlerini berk we gyşarnyksyz berjaý etmeli;
— elleri ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda gowy sabynlap ýuwup durmaly;
— içilýän suwlaryň, iýilýän iýmitleriň arassalygyny gazanmaly. Çagalar baglarynda, mekdeplerde, edara-kärhanalarda arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi hökmanydyr. Içmek üçin gaýnadylan suwuň, her kimiň suw içmek üçin aýratyn bulgurlarynyň bolmagy hökmanydyr.
Kesel alamatlary bolan adamlar bilen gatnaşykdan gaçarak durmaly, pasla görä geýinmeli. Şeýle ýagdaýyň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin, zerur bolmasa, köp adamly ýere barmak, asgyrýan ýa-da üsgürýän näsaga ýakynlaşmak maslahat berilmeýär.
Ýiti respirator keselleriň köpçülikleýin ýaýraýan möwsümlerinde ajysyny gözleriňe girizip sogan dogramak, düýp sogany ikä bölüp, bolýan otagyňda saklamak, käte içine ownuk sarymsak bölejikleri atylan çäýnegiň agzyndan dem almak, ajy burçuň birnäçesini bir ýüpe düzüp, aşhanada asyp goýmak, öýde wiruslara garşy hem-de rahatlandyryjy täsire eýe bolan üzärligi tütetmek peýdaly.
Bu kesel ýokaşanda öz-özüňi bejermäge ýol bermeli däl. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenilip bilner. Derman serişdelerini özbaşdak, esasan, antibakterial derman serişdelerini lukmandan rugsatsyz kabul etmeli däl. Sebäbi kesel dörediji wiruslara antibakterial serişdeler täsir etmeýärler.
Witaminlere, minerallara, mikroelementlere baý miweleri, gök önümleri iýmeli. Sitrus miwelerde witaminler uzak wagtlap saklanýar. Gyzyl burç atylan unaş içmek peýdaly. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsitler, peýdaly maddalar adam bedenindäki kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş sanjymlary ýokary hilli waksinalar bilen geçirilýär. Öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, öz wagtynda almak maslahat berilýär.