Ruhubelent etrabynyñ ỳadygärlikleri

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etraby arhelogiýa we arhitektura ýadygärlikleriniň köp ýerleşýän ýeri hasaplanylýar. Onda has irki döwürlere degişli bolan Şasenem, Diýarbekir, Akjagelin galalary hem-de aýdym-sazyň piri hasaplanylýan Aşyk Aýdyň zyýarathanasy bar. Aşyk Aýdyň hakyky ady “Aşur-ed-din şihabettin Omar” bolup, ol 11-12 asyrlarda ýaşap geçen. Aýdym-sazyň yşkyna düşen her bir sungat ussadynyň Aşyk Aýdyň pirden pata almak asyrlar boýy dowam edip gelýän däp bolup, türkmende yz goýan Garadäli Gökleň, Şükür bagşy, Çuwal bagşy, Sahy Jepbar, Pälwan bagşy dagylar zyýarat edip, mazarynda aýdym-saz etmeklik wesýet eden ýeketäk ussat. Aşyk Aýdyň ýaşan döwri 115 ýaşynda köp şägirt ýetişdirendigi we 360 sopusynyň bolandygy nygtalyp geçilýär.

Bilim baglap geldim Şähribossana,
Pata bergin maňa Aşyk Aýdyň Pir,
Öziň şaýat bolduň ençe dessana,
Pata bergin maňa Aşyk Aýdyň Pir.

Köp arzuwlap bu gün maksada ýetdim,
Siziň gaşyňyza zyýarat etdim,
Zyýaratym kabul eýleýip Pirim,
Pata bergin maňa Aşyk Aýdyň Pir.

Автор записи: admin